y­la­dyş­ha­na­lar ba­ra­da me­ge­rem, bil­me­ýän ýok bol­sa ge­rek. Ýy­ly­ly­gy söý­ýän ösüm­lik­le­ri la­ýyk şert­ler­de ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ga­dym wagt­lar­dan bä­ri bel­li­dir. Eý­ýäm ga­dy­my Rim­de daý­han­lar ynjyk ösüm­lik­le­re aý­ra­tyn şert­le­riň ge­rek­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir­ler. Olar bu me­se­lä­ni il­ki-il­ki­ler ju­da ýö­ne­keý çö­züp­dir­ler. Olar gal­tak­da gül­ça­nak­la­ry ýer­leş­di­rip, ola­ry so­wuk gün­ler ýy­ly jaý­la­ra ge­çi­rip­dir­ler. Soň-soň­lar bol­sa, ýy­la­dyş mak­sa­dy bi­len el­de do­ka­lan ke­nep ma­ta­la­ry we beý­le­ki el ýü­zün­dä­ki när­se­le­ri ösüm­lik­le­riň üs­tü­ne atyp­dyr­lar.
XVII asyr­da Ýew­ro­pa­da aý­na ýy­la­dyş­ha­na­lar peý­da bo­lup, ol ýer­de­nem Pýotr I ta­ra­pyn­dan Rus­si­ýa ge­ti­ril­ýär. Şol döw­re çen­li hem ýurt­da ýy­ly­ly­gy söý­ýän ösüm­lik­ler ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len eken, ýö­ne aý­na ýy­la­dyş­ha­na­la­ryň peý­da bo­l­ma­gy dür­li gök önüm­le­riň, esa­san hem, gül­le­riň ýy­la­dyş­ha­na şert­le­rin­de has giň­den ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr. Oňat ha­syl al­ma­ga hyz­mat eden aý­na ýy­la­dyş­ha­na­la­ry hä­zir­ki gün­le­re çen­li ula­nyl­ýar. Ýö­ne, soň­lu­gy bi­len, hi­mi­ýa se­na­ga­ty­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de äh­li zat öz­ge­rip, polietilen örtükler ula­ny­şa gel­ýär. Şeý­le­lik­de, polietilen ör­tükli ýy­la­dyş­ha­na­lar tiz meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar­lar. El­ýe­ter­li, ýe­ňil, ýö­ne­keý ma­te­ria­lyň di­ňe bir ýet­mez­çi­li­gi bo­lup, mä­käm däl­li­gi üçin uzak ula­nyp bol­ma­ýar. Şol jä­het­den mel­lek­ler­de aý­na hem-de polietilen örtüklerden edi­len ýy­la­dyş­ha­na­la­ra ga­bat gel­mek bol­ýar.
XXI asyryň ýy­la­dyş­ha­na ho­ja­ly­gyn­da po­li­kar­bo­nat­lar tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di. Bu ma­te­ri­al he­niz adat bo­lup gi­den aý­na­ny gy­syp çy­ka­ryp ýe­ti­şe­nok. Ol aý­na we polietilen örtüklere ga­ra­nyň­da, has mä­käm­li­gi we ýe­ňil gur­lu­şy bi­len ta­pa­wut­la­nyp, bag­ban­la­ryň tiz göw­nün­den tur­ma­gy ba­şar­dy. Şu gün­ki gün­de po­li­kar­bo­nat­lar özü­niň ýag­ty ge­çi­ri­ji­li­gi, ýy­ly­lyk ge­çir­mez­li­gi, mä­käm­li­gi, howp­suz­ly­gy, gu­ra­ly­şy­nyň aň­sat­ly­gy üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Öý­jük­li po­li­kar­bo­nat­la­ryň ge­le­jek­de ýy­la­dyş­ha­na­lar üçin ba­zar­da öň­dä­ki orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­jek­di­gi şüb­he­siz­dir.

Taý­ýar­lan Gur­ban MÖ­JE­KOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.