Ta­ry­hy çeş­me­le­re gö­rä, “Ru­my­ni­ýa” sö­zi rim­li­le­riň ol ýer­ler­de ýa­şap gi­den dö­wür­le­rin­den ga­lyp­dyr. Wag­tyň geç­me­gi bi­len ýer­li ýa­şaý­jy­lar öz­le­ri­ni rum­ly­lar di­ýip, at­lan­dy­ryp ug­rap­dyr­lar. Asyr­la­ryň do­wa­myn­da ru­myn­lar dür­li me­de­ni­ýet­le­riň tä­si­ri­ne uç­rap, ola­ryň her bi­ri hä­zir­ki za­man ru­myn me­de­ni­ýe­ti­niň ke­ma­la gel­me­gine öz go­şan­dy­ny go­şup­dyr. Ga­dy­my rim­li­le­riň tä­si­ri bir­nä­çe asyr­dan soň, slaw­ýan, grek, türk we wen­ger me­de­ni­ýe­ti bi­len or­nu­ny çal­şyp­dyr. Or­ta asyr­lar­da ru­myn­la­ra Wi­zan­ti­ýa güýç­li tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, esa­san hem, ki­li­se däp-des­sur­la­ryn­da, bi­na­gär­çi­li­gin­de, iko­nog­ra­fi­ýa­syn­da, di­wa­ryň ýü­zü­ne su­rat çek­mek­de tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir. XVI – XVII asyr­lar­da ru­myn di­lin­de köp­san­ly ki­li­se eser­le­ri ýa­zy­lyp­dyr. Hä­zir­ki za­man ru­myn me­de­ni­ýe­ti or­ta asyr tä­sir­le­ri­niň, ga­dy­my halk dö­re­di­ji­li­gi­niň, sa­zyň we dür­li da­şa­ry ýurt tä­sir­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy­dyr. Ru­myn ede­bi­ýa­ty we sun­ga­ty XIX asyr­da kä­mil de­re­je­le­re ba­ryp ýet­ýär. 1941–1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­dan soň­ra ede­bi­ýat meý­da­ny­na uly ýa­zy­jy-şa­hyr­lar ge­lip, ru­myn ede­bi­ýa­tyn­da çuň­ňur yz gal­dyr­ýar­lar. Wa­ta­na, daý­han­la­ryň dur­mu­şy­na ba­gyş­la­nan ede­bi­ýat 1941–1945-nji ýyl­la­ryň ur­şun­dan öň hem bo­lup, “Se­me­ne­to­rul” (to­hum se­pi­ji) di­ýen akym bi­len bel­li bo­lup­dyr.
Bi­rin­ji ja­han ur­şun­dan öň, ru­myn şe­kil­len­di­riş sun­ga­tyn­da has gö­ze ge­lüw­li iş­ler dö­re­di­len eken. Şol dö­wür­ler­den baş­lap, us­sat su­rat­keş­ler ke­ma­la ge­lip ug­rap­dyr. 1960-70-nji ýyl­lar­da me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­ne döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­lip baş­lan­ýar. Ru­my­ni­ýa­nyň öz­bo­luş­ly hoş owaz­ly halk saz dö­re­di­ji­li­gi bo­lup, asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş alyp gaýd­ýar. Halk dö­re­di­ji­li­gi däp-des­sur aý­dym­la­ryn­dan, hüw­dü­ler­den, pa­dy­man aý­dym­la­ryn­dan, gül­kü­li, li­ri­ki, epi­ki öleň­ler­den we beý­le­ki­ler­den yba­rat­dyr. Saz gu­ral­la­ry­nyň ara­syn­da, esa­san, lu­ýer (tüý­dük), naý (pa­na at­ly fleý­ta­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri), çim­poý (wo­lyn­ka), bu­çum (buý­nuz) we ki­riş­li saz gu­ral­la­ry – kob­za, sim­ba­ly, sit­ra, skrip­ka, wio­lon­çel, kont­ra­bas we beý­le­ki­ler gö­ze il­ýär. Ýurt­da halk saz­la­ry bi­len bir­lik­de hä­zir­ki za­man aý­dym-saz­la­ry iş­jeň ös­dü­ril­ýär. Ola­ryň ara­syn­da “Mo­ran­di” to­pa­ry we aý­dym­çy ze­nan In­na has meş­hu­ry bo­lup, tans sazynda has-da öňe saý­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da ýurt­da “Trans­sylvania Phoe­nix”, “Car­go” ýa­ly rok we beý­le­ki aý­dym-saz toparlary bar.

Taý­ýar­lan Bi­bi­ha­ty­ja Ku­ly­ýe­wa,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň ta­ly­by.