Bu ýo­kum­ly we peý­da­ly iý­mit bü­tin dün­ýä­de bel­li­dir. Il­ki ol Hy­taý­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len­soň, kä­wagt oňa “hy­taý eri­gi” hem di­ýlipdir. Soň­ra ol Ýa­po­ni­ýa­da peý­da bo­lup, XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­da bü­tin dün­ýä ýaý­rap ug­ra­ýar.
Onuň dü­zü­min­de glýu­ko­za, ka­liý, ýod, de­mir, mag­niý, sa­ha­ro­za, fruk­to­za, pek­tin mad­da­la­ry we A, C, P ýa­ly wi­ta­min­ler bar. Hur­ma ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň iň oňat öňü­ni alyş se­riş­de­si­dir. Mu­ňa C we P wi­ta­min­le­ri ýar­dam be­rip, da­mar­la­ryň berk­li­gi­ni güýç­len­dir­ýär. Ar­te­ri­ýa­lar­da­ky kö­ne ke­sel­le­riň ýü­ze çyk­mak how­pu­ny pe­selt­mek üçin di­ňe 100 gram hur­ma iý­mek ýe­ter­lik ha­sap­lan­ýar. Hur­ma ka­li­ýä we mag­nä baý bo­lup, ada­myň pe­şew ul­ga­my­na ýar­dam ber­ýär. Ol be­den­den ar­tyk­maç nat­riý duz­la­ry­ny çy­ka­ryp, böw­rek­de daş dö­re­mek how­pu­nyň öňü­ni al­ýar.
Hur­ma dü­wür­tik­ler­den dyn­mak is­le­ýän­le­re hem peý­da­ly­dyr. Mu­nuň üçin bu mi­wä­niň eti bi­len ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy­ny ga­ryp, ýü­zü­ňe çal­mak ýe­ter­lik. Hur­ma ­ganaz­­ly­gyň öňü­ni al­mak­da, gal­kan şekilli mäz­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly nä­hoş­luk­lar­da hem peý­da­ly­dyr. Hur­ma­nyň iý­mit ka­lo­ri­ýa­ly­ly­gy ba­bat­da aý­dy­lan­da bol­sa, onuň 100 gra­myn­da çen bi­len 62 ki­lo­ka­lo­ri­ýa sak­lan­ýar. Hur­ma­nyň dü­zü­min­de şe­ke­riň muk­da­ry­nyň ýo­ka­ry­ly­gy üçin se­miz­lik­den hem-de süý­jü­ke­sel­den ejir çek­ýän­le­re, iý­mit siň­di­ri­şi gow­şaklara we 3 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ra bu mi­wä­ni iý­mek mas­la­hat be­ril­me­ýär.