Günde bäş gram duz – ony ulanmagyň ortaça kadasydyr diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň wekilleri aýdýarlar. Eger-de adam onuň möçberini iki esse artdyran halatynda, ýakymsyz netijeler bilen ýüzbe-ýüz bolup biler. Lukmanlaryň bellemegine görä, artyk düşen duz içegäniň mikroflorasyny üýtgedýär. Netijede, gipertoniýa (ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy) güýçlenip, immun ulgamynyň işinde näsazlyk ýüze çykýar. Şonuň ýaly hem skleroza, ýagny bedeniň dokumalarynyň keselläp gatamagyna sebäp bolýar.
ABŞ-nyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň hünärmenler topary syçanlar bilen geçirilen synaglardan soň, şeýle netijä geldiler. Gemrijileri birnäçe hepdäniň dowamynda, ilki düzüminde duzuň kadaly derejesini saklaýan önümler bilen, soňra bolsa, düzüminde duzuň köp mukdary bolan önümler bilen iýmitlendiripdirler. Hut iýmitiň soňky görnüşi laktobakteriýalaryň, ýagny mikrobedenjikleriň ýok bolmagyna alyp barypdyr. Şol birwagtyň özünde jandarlaryň gan basyşy ýokarlanyp, gipertoniýa we autoimmun keselleri bilen baglanyşykly “Th17” diýlip atlandyrylýan immun öýjükleriniň mukdary artypdyr. Şeýle hem iki hepdäniň dowamynda 6 gram artyk duz iýen 12 erkek kişiniň gatnaşmagynda barlag geçirilipdir. Netijede, olaryň bedeninde gemrijilerde bolşy ýaly özgerişligiň bolandygy bellige alnypdyr.