Howayň maýlamagy, agaçlaryň güllemegi, gülden güle gonup ýören kebelekleriň peýda bolmagy bize baharyň gelendigini buşlaýarlar. Bu paslyň gelenini ýatladýan jandarlaryň biri hem garlawaçlardyr. Olar beýleki guşlara garanyňda, adama has ýakyn bolýar. Bu guşlar öz höwürtgelerini agaç şahasynda däl-de, adamyň ýaşaýan ýerinde ýagny öýleriň girelgelerinde, üçeklerinde ýasaýarlar. Garlawaçlar serçeler toparyndan bolup, inçeden uzyn gaýçyguýruk, çalt uçýan, petekesi we döşi akja, guýrugy we ganatlary gara bolýar.
Garlawaçlar diňe ýyly pasyllarda garlawaçlar dünýäniň ähli ýerinde diýen ýaly ýaşaýar. Olaryň boýy 10-20 sm töweregi bolýar. Göçegçi guşlaryň uly bölegini garlawaçlar emele getirýär. Bu jandaryň 100 töweregi görnüşi bolup, olaryň 80-e golaý görnüşi doly anyklandy. Höwürtgelerini palçykdan ýasaýan bu guşlaryň aýaklary gysga, barmaklary uzyn bolýar. Bu ýagdaý olaryň tekizliklere mäkäm ýapyşmagyna ýardam edýär. Çüňkleri inli bolansoň, ot däl-de, uçýan mör-möjekler bilen iýmitlenip bilýärler. Diýseň çalt uçup bilýän bu guşlaryň käbir görnüşleri süri bolup, käbirleri ýekelikde uçýar. Uzyn guýruklary bedenlerini has aňsat dolandyrmaga we birden aşaklygyna uçmaga ýardam edýär. Olaryň höwürtge ýasamakdaky ussatlygy inženerçilik we binagärlik taýdan diýseň ýokary aýratynlyklara eýedir. Olar öýlerini gurmak üçin egilip bilýän çöpleri ýörite saýlap alýarlar we gaçybatalga ýaly goragly edip höwürtge ýasaýarlar.
Deňizleriň, kölleriň we derýalaryň kenarlarynda ýaşaýan görnüşleri öz höwürtgelerini ýeriň aşagynda gurýarlar. Olar ýagyş ýaganda höwürtgesine suw girmezligi üçin dürli usullardan peýdalanýarlar.
Bu guşlar bize howanyň ýagdaýy barada hem maglumat berýär. Olaryň pessaý uçmagy ýagşyň ýagjakdygyny alamatlandyrýar. Garlawaçlar howanyň sowap başlamagy bilen ýyly ýurtlara göçüp gidýärler. Bahar paslynda ýene yzyna dolanyp gelýärler.