Elektrik togy bilen işleýän ulaglaryň täze görnüşi, ýagny ýük ulagy öndürildi. “Tesla” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask “Semi” atly ýük ulagyny köpçülige hödürledi. Ol Kaliforniýa ştatynyň Hotorn şäherinde geçirildi. Elektrikli ýük ulagy 1,6 million kilometre çenli ýol geçmäge ukyply. Şeýle hem onuň akkumulýatory bir gezek zarýad berlende 800 kilometr töweregi ýol geçýär. “Tesla Semi” atly elektrikli ýük ulaglarynyň satuwyna 2019-njy ýylda girişiler. Onuň nyrhy entek kesgitlenmedi. Bu ýük ulagy 96,6 kilometr/sagatlyk tizlige ýüksüz 5 sekuntda, iň köp derejedäki ýük bilen 20 sekuntda ýetmek mümkinçiligine eýe. Amerikanyň kompaniýasy 2016-njy ýylda şeýle ýük ulagyny öndürmek isleýändigini mälim edipdi.