Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don­da ten­nis bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da ge­çi­ri­len ýy­lyň jem­leý­ji ýa­ry­şy “ATP Fi­nals”-da bol­ga­ri­ýa­ly Gri­gor Di­mit­row ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 2,5 sa­gat­da tamamlanan fi­nal­da bel­gi­ýa­ly De­wid Gof­finden­ 2:1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Bu ýa­ryş­da il­kin­ji ge­zek fi­na­la çy­kan 6-njy we 7-nji bel­gi­li ten­nis­çi­le­riň du­şu­şy­gyn­da 1-nji set­de Di­mit­row 7:5 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. 2-nji set­de Gof­fin 6:4 öňe saý­la­nyp, umu­my ha­sa­by deň­le­di. 3-nji set­de 6:3 ha­sa­byn­da gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çy­kan 26 ýaş­ly Di­mit­row kar­ýe­ra­syn­da­ky iň uly çem­pi­on­lyk ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­ter­di. Bu onuň ATP-niň ýa­ryş­la­ryn­da ga­za­nan 8-nji we karýerasyndaky iň esasy çem­pi­on­ly­gy­dyr.
1970-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän ýy­lyň iň go­wy 8 ten­nis­çi­si­niň gat­naş­ýan ýa­ry­şyn­da Fe­de­rer 6 ge­zek çem­pi­on bo­lup, bu ugur­da öň­de bar­ýar. Federer şu ýylky bäsleşikde garaşylmadyk ýagdaýda ýarym finalda Goffinden asgyn gelipdi. Iwan Lendl, Pit Samp­ras we No­wak Jo­ko­wi­çiň 5 çem­pi­on­ly­gy bar. Şu ýyl­ky ýa­ryş­da 2-nji oýun­lar­dan soň, şi­ke­si se­bäp­li bäs­le­şi­gi do­wam et­di­rip bil­me­dik Ra­fa­el Na­da­lyň “ATP Fi­nals”-da hä­zi­re çen­li çem­pi­on­ly­gy ýok.