NASKAR awtomobil bäsleşiginde garaşylmadyk sürüji çempion boldy. Möwsümiň soňky bäsleşigi Maýamide geçirilip, pellehana ilkinji bolup gelen Martin Trueks Junior bu ýylyň çempiony diýen ady eýeledi. Şu möwsümde 8 ýaryşda ýeňiji bolan 37 ýaşly Trueks ilkinji gezek çempionlyk gazandy. Ol 5040 utuk toplap, NASKAR-yň güýçli sürüjilerini, öňki ýyllaryň çempionlaryny – Kaýl Buş, Kewin Harwik, Jimmi Jonson we Bred Keselowski dagyny yzda galdyrdy. 1949-njy ýyldan bäri geçirilýän NASKAR (National Association for Stock Car Auto Racing) bäsleşikleri fewralda Daýtonada başlap, noýabr aýynda-da Maýamide tamamlanýar. ABŞ-nyň dürli ştatlarynda guralyp, bir möwsümde 36 bäsleşik geçirilýär. NASKAR-da Riçard Petti, Deýl Irnhardt hem-de Jimmi Jonson iň köp çempionlyk gazanan sürüjilerdir (7 gezek).