UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky 5-nji du­şu­şyk­lar oý­nal­dy. Bu tap­gyr­dan soň, ýe­ne-de 4 klub ýa­ry­şy do­wam et­dir­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Ýag­ny 4-nji oýun­lar­dan soň, 1/8 fi­na­la çy­kan PSŽ, “Ba­wa­ri­ýa”, “Man­çes­ter Si­ti” we “Tot­ten­ha­myň” ha­ta­ry­na “Çel­si”, “Bar­se­lo­na”, “Be­şik­taş” hem-de “Re­al Mad­rid” go­şul­dy. “A” we “E” to­par­ça­la­ryn­dan en­tek ýe­ke klu­bam 1/8 fi­na­lyň pe­te­gi­ni alyp bil­me­di. Şol to­par­ça­lar­da 3 klu­buň ýa­ry­şy do­wam et­dir­mek müm­kin­çi­li­gi­niň bar­dy­gy­ny hem ýat­la­da­lyň.
“A” to­par­ça­da Mosk­wa­nyň SSKA-sy öz meý­dan­ça­syn­da “Ben­fi­ka­dan” 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kyp, gar­şy­da­şy­ny Ýew­ro­ku­bok­lar­dan çy­kar­dy. “Ba­zel” ýeň­liş­siz do­wam ed­ýän “Man­çes­ter Ýu­naý­te­di” ka­bul et­di. 89-njy mi­nut­da­ky Lan­gyň go­ly ýer eýe­le­ri­ne ýe­ňiş ge­tir­di. Du­şu­şyk­da uzak wagt­lyk şi­kes­den soň, 74-nji mi­nut­da oý­na gi­ren Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň çäk­le­rin­de 7-nji klub bi­len çy­kyş edip, bu ugur­da re­kord goý­dy. Şwe­si­ýa­ly ýyl­dyz mun­dan ozal, “Aýaks”, “Ýu­wen­tus”, “In­ter”, “Bar­se­lo­na”, “Mi­lan” we PSŽ to­par­la­ry bi­len Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da oý­nap­dy.
“B” to­par­ça­da PSŽ Pa­riž­de “Sel­tik” bi­len du­şuş­dy. Myh­man­lar 1-nji mi­nut­da Dem­be­le bi­len öňe saý­lan­dy. Ýö­ne şon­dan soň, “Sel­tik” bu go­ly ge­çi­re­ni­ne puş­man etdi. 1-nji ýa­rym­da 4, 2-nji ýa­rym­da-da 3 gol ge­çi­ren PSŽ, gar­şy­da­şy­ny 7–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Şeý­le­lik­de, PSŽ-niň to­par­ça­lar­da ge­çi­ren gol­la­ry­nyň sa­ny 24-e ýe­tip, bu ugur­da “Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dyň” (22 gol) re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. “C” to­par­ça­da “Çel­si” “Ga­ra­ba­gy” myh­man­çy­lyk­da 4–0 ha­sa­byn­da utup, 1/8 fi­na­la çyk­ma­ga yg­ty­ýar al­dy. “Ro­ma­dan” Griz­mann we Ga­mei­ro­nyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan “At­le­ti­ko” şu ýyl­ky il­kin­ji ýeň­şi­ni ga­zan­dy. “D” to­par­ça­da Tu­rin­dä­ki “Ýu­wen­tus”–“Bar­se­lo­na” oý­nun­dan gol se­si çyk­ma­dy. Ka­ta­lon­lar yz­ly-yzy­na 14-nji, umu­my­lyk­da-da 19-njy ge­zek 1/8 fi­nal­da çy­kyş eder.

SOŇKY MINUTLAR
“E” to­par­ça­da­ky 2 oý­un hem deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Il­ki öňe saý­la­nan to­par­lar 90-njy mi­nut­dan soň, tor­la­ry­ny gol­dan go­rap bil­me­di­ler. Mosk­wa­nyň “Spar­ta­gy” 82-nji mi­nut­da öňe saý­lan­sa-da, myh­man­lar­dan Me­şa­no­wiç 90+2-nji mi­nut­da ha­sa­by deň­läp, gar­şy­da­şy­na hä­zir­lik­çe uly päs­gel ber­di. Il­kin­ji ýa­rym sa­gat­da 3 gol ge­çi­ren “Li­wer­pul” 2-nji ýa­rym­da-da to­run­dan 3 gol ge­çirt­di. “F” to­par­ça­da äh­li ýa­ryş­lar­da-da möw­sü­mi ýeň­liş­siz do­wam et­dir­ýän “Man­çes­ter Si­ti” oý­nuň ta­mam­lan­ma­gy­na 2 mi­nut ga­lan­da, Ra­him Ster­lin­giň owa­dan go­ly bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. “Se­rie A-nyň” li­de­ri “Na­po­li” hem öz meý­dan­ça­syn­da “Şaht­ýo­ryň” to­run­dan jo­gap­syz 3 pök­gi gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, 2 to­pa­ryň ara­syn­da utuk­lar deň bo­lan ýag­da­ýyn­da ital­ýan klu­by gar­şy­da­şyn­dan öňe saý­la­nar. “G” to­par­ça­da öz meý­dan­ça­syn­da “Por­to” bi­len 1 utu­gy paý­la­şan “Be­şik­taş” il­kin­ji ge­zek 2-nji tap­gy­ryň pe­te­gi­ni al­dy. “Le­ip­sig” bol­sa, myh­man­çy­lyk­da ge­çen möw­sü­miň ­ýarym fi­nal­çy­sy “Mo­na­ko­ny” 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, fran­suz to­pa­ry­ny ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Şu oýun­da gol­la­ryň 5-si hem 1-nji ýa­rym­da ge­çi­ril­di. “H” to­par­ça­da ge­çen tap­gyr­da 1/8 fi­na­lyň pe­te­gi­ni ga­za­nan “Tot­ten­ham” myh­man­çy­lyk­da “Bo­rus­si­ýa Dort­mun­dy” 2–1 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ne­mes to­pa­ry üçin Çem­pi­on­lar li­ga­sy bu ýyl ga­ra­şy­ly­şyn­dan juda ir ta­mam­lan­dy. Ben­ze­ma we Ro­nal­do­nyň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da APOEL-i 6–0 ýe­ňen “Re­al Mad­rid” yz­ly-yzy­na 21-nji, umu­my­lyk­da 22-nji ge­zek 2-nji tap­gyr­da çy­kyş et­mä­ge hu­kuk ga­zan­dy. Şeý­le-de, Ro­nal­do möw­süm­le­ýin däl-de ýyl hök­mün­de ha­sa­ba al­nan­da, 2017-nji ýyl­da Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da­ky 18-nji go­lu­ny der­we­zä gi­ri­zip, öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­di (16 gol, 2015-nji ýyl).
Çempionlar ligasynyň toparçadaky soňky oýunlary 5–6-njy dekabrda oýnalar. 1/8 finalyň bijeleri-de 11-nji dekabrda duşenbe güni çekiler.

DEŇ ÝARYSY BELLI BOLDY
UEFA Ýewropa ligasynda 5-nji duşuşyklardan soň, “A” toparçadan “Wilýarreal”, “B” toparçadan “Partizan”, “C” toparçadan “Braga”, “D” toparçadan “Milan”, “E” toparçadan “Atalanta” bilen “Lion”, “G” toparçadan “Wiktoriýa Plžen”, “I” toparçadan “Red Bull Salsburg”, “J” toparçadan “Estersund”, “K” toparçadan “Nissa” hem-de “L” toparçadan “Real Sosiedad” 1/16 finala çykmagy başardy. Ýadyňyzda bolsa, 4-nji duşuşyklardan soň, “Dinamo Kiýew” (“B”), “Stýaua” (“G”), “Arsenal” (“H”), “Lasio” (“K”), “Zenit” (“L”) toparlary 2-nji tapgyryň petegini alypdy. Şeýlelikde, ýaryşy dowam etdirjek 32 klubuň 16-sy belli boldy. Olaryň hataryna ýene-de Ýewropa ligasyndan 8 klub goşular. Galan 8 klubam Çempionlar ligasyndan geler (Toparçalarynda 3-nji ýeri eýelänler). Toparçadaky 6-njy duşuşyklar 7-nji dekabrda oýnalar.