Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­tyn­da möw­sü­miň iň soň­ky ýa­ry­şy Awst­ra­li­ýa­da ge­çi­ri­lip, on­da “Hy­un­dai” to­pa­ry­nyň bel­gi­ýa­ly sü­rü­ji­si Ti­er­ri Noý­will ýe­ňi­ji bol­dy. Ol ýur­duň Koffs Har­bor şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 318,33 ki­lo­metr­lik bäs­le­şi­gi 2 sa­gat 35 mi­nut 44,8 se­kunt­da ta­mam­la­dy. Bu onuň şu ýyl­ky 4-nji ýeň­şi bol­dy. Noý­will­den 22,5 se­kunt yza ga­lan “M-Sport” to­pa­ry­nyň es­to­ni­ýa­ly sü­rü­ji­si Ott Ta­nak 2-nji, ýe­ňi­ji­niň to­par­da­şy, Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly Haý­den Pad­don 3-nji ýe­ri eýe­le­di. Geçen ýa­ryş­da yz­ly-yzy­na 5-nji çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan Se­bas­ti­an Ožie 4-nji­lik bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. Şeý­le­lik­de, çem­pi­on Se­bas­ti­an Ožie möw­sü­mi 232, 2-nji orun­da­ky Ti­er­ri Noý­will 208, 3-nji ýe­ri eýe­län Ott Ta­nak 191 utuk bi­len ta­mam­la­dy.