Dün­ýä bel­li tür­ki­ýe­li agyr at­le­ti­ka­çy Na­im Sü­leý­ma­nog­lu 50 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy. Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da (Se­ul – 1988, Bar­se­lo­na – 1992, At­lan­ta – 1996) 3 al­tyn me­dal ga­za­nan Sü­leý­ma­nog­lu 7 ge­zek dün­ýä­niň, 6 sa­pa­ram Ýew­ro­pa­nyň çem­pio­ny bo­lup­dy. 1984-nji, 1985-nji hem-de 1986-njy ýyl­lar­da ýy­lyň ştan­ga­çy­sy saý­la­nan Naim Sü­leý­ma­nog­ly 47 ge­ze­gem dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. 1967-nji ýyl­da Bol­ga­ri­ýa­da dog­lan Sü­leý­ma­nog­lu 1984-nji ýyl­da 16 ýa­şyn­da­ka itek­läp gö­ter­mek­de öz ag­ra­myn­dan 3 es­se ar­tyk gö­te­rip­di we mu­ny ba­şa­ran 2-nji agyr at­le­ti­ka­çy hök­mün­de ta­ry­ha gi­rip­di.