Türkmenistanyň Baştutanynyň tabşyrmagy bilen taýýarlanan taslama döwletlerimiziň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de doganlyk ýurtly hyzmatdaşlara logistiki hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.
Aslynda, Türkmenistanyň Serhetabat bekedinden Owganystanyň Turgundy nokadyna çenli demir ýoluň ýagdaýy nazara alnyp, onuň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bu bölegiň täzeden guruljakdygyny aňladýar, özi-de tutuşlygyna Türkmenistanyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar.
Şol gün irden hormatly Prezidentimiz dikuçarynda serhet ýakasyndaky Serhetabat bekedine geldi. Döwlet Baştutanymyz diňe bir iki goňşy ýurt üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin ähmiýetli bolan şanly waka bilen köpsanly dabara gatnaşyjylary gutlap, olaryň öňünde çykyş etdi.
Biz bu gün taryhy ähmiýeti bolan wakanyň şaýady bolýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan “açyk gapylar” we oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän işjeň syýasaty goňşy ýurtlar, sebitiň döwletleri we tutuş dünýä ýurtlary tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ol halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň amala aşyrýan parahatçylyk döredijilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşinde, Türkmenistanyň multimodal ulgamynda demir ýollaryň işjeň hereketine möhüm orun berilýär. Şoňa görä-de, onuň düzümini giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan-Türkmenistan-Eýran, Kerki-(öňki Atamyrat)-Ymamnazar-Akina demir ýollaryny muňa mysal hökmünde getirdi. Şu we beýleki, şeýle hem gurluşygy meýilleşdirilen ugurlar sebitiň ýurtlarynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek, olaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Biz doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek-goldaw berýäris we goňşy ýurduň galkynmagyna oňyn täsirini ýetirýän tagallalarymyzy mundan beýläk-de gaýgyrmarys diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ýakynda Aşgabatda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynyň geçirilendigini nygtady. Şonda tutuş sebit ähmiýetli ylalaşyklar gazanyldy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy barada aýdyp, bu taslamanyň çäklerinde elektrik geçiriji we aragatnaşygyň optiki-süýümli ulgamynyň gurulmagynyň hem meýilleşdirilýändigini, munuň hem sebitiň depginli ösdürilmeginde ýoluň tutýan ornuny artdyrýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistandan Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilýändigini belläp, ýurdumyzyň demir ýol gurluşykçylarynyň owgan tarapynyň haýyşy boýunça goňşy döwletiň Turgundy şäherine çenli demir ýoluň gurluşygyna başlaýandyklaryny aýtdy hem-de goňşy ýurduň we beýleki döwletleriň gülläp ösmegi üçin ähmiýetli bolan bu gurluşygyň başlanmagyna ak pata berdi.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary häzirki taryhy ähmiýetli waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, täze düzümleýin desganyň ýokary hilli guruljakdygyna hem-de Owganystanyň we sebitiň beýleki halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.
Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine tarap türkmen serhedinden başlap, täze demir ýol ugrunyň gurluşygyna badalga berilmegi bilen baglanyşykly dabara gatnaşyjylaryň gözüniň öňünde demir ýol wagonlary goňşy ýurda tarap ugraýar. Onuň ilkinji wagonynda owgan topragynda demir ýoly çekjek gurluşykçylar barýarlar. Olar geçip gitmek bilen, hormatly Prezidentimizi hem-de dabara gatnaşyjylaryň ählisini uly ruhubelentlikde mübäreklediler.
Olaryň yzýany bilen demir ýolda hereket edýän ýol gurujy maşynlar, ýük göterijiler, soňra bolsa, dürli tehnikalar we gurluşyk serişdeleri, rels-şypally gözenekler we beýlekiler barýar.
Täze döwletara demir ýolunyň gurluşygy üçin zerur bolan hemme ýükler ýüklenen demir ýol ulaglarynyň uzyn hatar bilen barýan düzüminiň jemi 42 wagondan hem-de demir ýol arabalaryndan ybarat.
Umuman, eltiji ýollar bilen birlikde, türkmen gurluşykçylary diňe bir demir ýoly çekmän, eýsem, onuň düzümini hem gurnarlar. Bularyň ählisi Turgundy bekediniň geçirijilik kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berer, deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygy üçin onuň ähmiýetini güýçlendirer. Bu demir ýol şahasy boýunça ýurt öz önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga hem-de isleg bildirilýän daşary ýurt harytlaryny getirmäge hem oňaýly mümkinçilige eýe bolýar.
Tutuş sebitiň ýurtlary, aýratyn-da, Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagy üçin ähmiýetli bolan bu polat ýol häzirki zaman ulag düzüminiň ýokary görkezijilerine laýyk gelýär.
Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň taslamasy Owganystanyň geljekde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykmak bilen, sebitiň ulag ulgamynyň düzüm bölegi hökmünde goşulmagyna gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde, bu ýurtda “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça Merkezi Aziýanyň çäklerinden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolmaga hakyky mümkinçilik döreýär.
Demir hem-de gara ýollaryň Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky Turgundy şäherini Aşgabat bilen, soňra Hazar deňzinde Türkmenbaşy deňiz menzili bilen birleşdirmegi göz öňünde tutulýar. Soňra geçelge Hazaryň üsti bilen Bakuwa, ondan aňryk Tbilisiniň üsti bilen Ankara we soňra Stambula çenli dowam etdiriler.
Türkmenistanda bar bolan demir we awtomobil ýollary bu ulag geçelgesiniň eýýäm uly bölegini emele getirýär, oňa Turgundynyň birikdirilmegi bolsa, ilkinji nobatda, üstaşyr geçirmek logistikasyny ýeňilleşdirmäge, hem-de sebitde söwdanyň möçberlerini köpeltmäge gönükdirilendir.
Täze ulag taslamasy bolan Serhetabat-Turgundy demir ýol ugrunyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmäge goşmaça ýagdaýlary döretmäge ýardam berer, bu ýurtda kiçi we orta işewürligi işjeňleşdirmäge, owgan önümleriniň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarylmagy hem-de eksport kuwwatynyň artdyrylmagy üçin mümkinçilikleri açar.
Häzir täzeden dikeldilýän Owganystan öz oba hojalyk önümlerini ýerlemek üçin täze bazarlary hem-de üstaşyr-söwda ugurlaryny işjeň gözleýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan doganlyk ýurda kömek goldawyny uzadyp, nobatdaky işi amala aşyrýar: Turgundy nokadynyň hem-de ýurdumyzyň demir ýol ulgamynyň üsti bilen sebitiň beýleki döwletlerine we ondan daşary çäklere çykalga açýan çatrykdaky Serhetabat bekedine çenli döwrebaplaşdyrylan demir ýoluň işläp başlamagy bilen, Owganystanyň miwe, gök önüm, kakadylan miwe, gazylyp alynýan peýdaly önümlerini we beýlekileri öndürijileriniň gazanjak peýdasy ençeme esse artar.
Arkadagyň saýasynda dostluk ýollary gurulýar
Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýol edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.