Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 25-nji no­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ös­dü­ril­me­gi, tä­ze za­wod­la­ryň gu­rul­ma­gy, uly we ki­çi ilat­ly ýer­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­na bo­lan is­leg­le­riň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny bel­le­di we döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan gel­jek­de hem bu pu­da­gyň kuw­wat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak hem-de onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­jek­di­gi­ni, ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek bo­ýun­ça iri möç­ber­li me­ýil­na­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da bu pu­da­ga aý­ra­tyn or­nuň de­giş­li­di­gi­ni aýt­dy. Türk­me­nis­ta­nyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň baý gor­la­ry­na eýe­di­gi, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň bol­sa, dün­ýä­de iň gir­de­ji­li pu­dak­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy hem­mä­mi­ze mä­lim­dir. Ýur­du­myz­da bu gel­je­gi uly pu­da­ga ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri yzy­gi­der­li art­ýar. Türk­men ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty ýyl­sa­ýyn ýo­ka­ry ösüş­le­re bes­len­ýär. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy hal­ky­my­za bök­denç­siz ýe­ti­ril­ýär, goň­şy ýurt­la­ra ibe­ril­ýär. Ener­ge­ti­ka pu­da­gy ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry gö­te­ril­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar.
Şu nuk­daý­na­zar­dan ýur­du­myz­da ener­ge­ti­ka pu­da­gy­nyň ösüş etap­la­ry­na ser sal­mak oky­jy­la­ry­myz üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Türk­me­nis­ta­nyň Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi­niň web saý­ty­nyň (www.mi­ne­ner­go.gov.tm) mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da je­mi bel­le­ni­len kuw­wat­ly­ly­gy 5178,4 MWt bo­lan on­lar­ça döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy iş­le­ýär. Ge­liň, bu elekt­rik stan­si­ýa­la­ry ba­ra­da gys­ga­ça mag­lu­mat­lar bi­len ta­nyş bo­la­lyň.
Hin­di­guş gid­roe­lekt­rik stan­si­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji elekt­roe­ner­ge­ti­ka des­ga­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu stan­si­ýa 1913-nji ýyl­da Mur­gap der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da gu­rul­ýar. Kuw­wat­ly­ly­gy 16,5 kWt, uzyn­ly­gy 38,7 km bo­lan elekt­rik ge­çi­ri­ji­li elekt­rik stan­si­ýa­syn­da Awst­ro-Weng­ri­ýa­nyň “Gans” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň her bi­ri­niň kuw­wat­ly­ly­gy 400 kWt bo­lan, je­mi kuw­wat­ly­ly­gy 1,2 MWt-a deň bo­lan üç sa­ny gid­ro­tur­bi­na­sy otur­dy­lyp­dyr. Gur­la­ny­na 104 ýyl ge­çen hem bol­sa, bu elekt­rik stan­si­ýa­sy hä­zir­ki gü­ne çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mäge ukyp­ly­dyr.
Aba­dan döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 1957-nji ýyl­da ula­ny­şa gi­ri­zilýär. Bu des­ga Türk­me­nis­tan­da şol dö­wür­de il­kin­ji iri elekt­rik stan­si­ýa­sy­dy. Hä­zir­ki wagt­da onuň kö­ne­li­şen tur­bi­na­la­ry­nyň or­nu­na her­si­niň kuw­wat­ly­ly­gy 123 MWt bo­lan iki sa­ny gaz tur­bi­na des­ga­sy gur­nal­dy.
Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy hä­zir­ki dö­wür­de türk­men ener­ge­ti­ka­sy­nyň ker­wen­ba­şy­sy bo­lup, onuň bi­rin­ji ener­gob­lo­gy 1973-nji ýyl­da ula­ny­şa gi­ri­zil­di. 1987-nji ýyl­da onuň 8-nji ener­gob­lo­gu­nyň ula­ny­şa gi­ri­zil­me­gi bi­len stan­si­ýa­nyň bel­le­ni­len kuw­wat­ly­ly­gy 1685 MWt-a çen­li art­dy­rylýar. 2014-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da umu­my kuw­wa­ty 146,7 MWt bo­lan 3 sa­ny gaz tur­bi­na­sy­nyň ula­ny­şa gi­ri­zil­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de, elekt­ros­tan­si­ýa­nyň kuw­wa­ty 1831,7 MWt-a çen­li ýo­kar­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ma­ry döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň çäk­le­rin­de kuw­wa­ty 1574 MWt bo­lan ut­ga­şyk­ly do­la­ny­şyk­da iş­le­ýän gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýar. Bir ýyl­da 12,6 mil­liard kWt/sa­gat elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dür­mä­ge ni­ýet­le­ni­len elekt­ros­tan­si­ýa­da ýan­gyç hök­mün­de di­ňe bir te­bi­gy gaz­dan däl, eý­sem, bug­dan hem peý­da­la­ny­lar.
Türk­men­ba­şy ýy­ly­lyk elekt­rik mer­ke­zi 1961-nji ýyl­da ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Il­ki­baş­da bu elekt­rik mer­ke­zi­niň dü­zü­mi­ne üç sa­ny ýy­ly­lyk bug tur­bi­na­sy gir­ýär­di. Has soň­rak ju­da kö­ne­li­şen­li­gi se­bäp­li ola­ryň işi tog­ta­dylýar. 1980-nji we 1984-nji ýyl­lar­da bu mer­kez­de her­si­niň kuw­wat­ly­ly­gy 210 MWt bo­lan iki sa­ny ener­gob­lok gu­rul­ýar. Ýy­ly­lyk elekt­rik mer­ke­zi de­ňiz su­wun­da iş­le­ýän öz­bo­luş­ly elekt­rik stan­si­ýa bo­lup, bug ga­zan­la­ryn­da ula­nyl­ýan suw iki sa­ny bu­gar­dy­jy se­na­gat en­ja­my­nyň kö­me­gi bi­len de­ňiz su­wun­dan aras­sa­la­nyp alyn­ýar.
Seý­di ýy­ly­lyk elekt­rik mer­ke­zi Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ala­ny­myz­dan soň­ra gur­lan il­kin­ji elekt­rik stan­si­ýa­sy­dyr. Onuň 1-nji ener­gob­lo­gy 1992-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da ula­ny­şa gi­ri­zil­di. 2004-nji ýyl­da bol­sa, 2-nji ener­gob­lo­gu­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len ýy­ly­lyk elekt­rik mer­ke­zi­niň bel­le­ni­len kuw­wat­ly­ly­gy 160 MWt-a ýe­ti­ril­di.
Aş­ga­bat döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 2006-njy ýyl­da ula­ny­şa gi­ri­zil­di. Ol paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­de ýer­leş­ýär. Bu ýer­de je­mi kuw­wat­ly­ly­gy 254,2 MWt bo­lan iki sa­ny gaz tur­bi­na des­ga­sy gur­na­lan­dyr. Bu elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi Aş­ga­bat şä­he­ri­niň sarp edi­ji­le­ri­niň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
Da­şo­guz döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 2007-nji ýyl­da ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Bu ýer­de hem je­mi kuw­wat­ly­ly­gy 254,2 MWt bo­lan iki sa­ny gaz tur­bi­na des­ga­sy gur­nal­dy. Elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy ep-es­li ýo­kar­lan­dy.
Ahal döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 2010-njy ýyl­da işe gi­ri­zil­di. On­da 254,2 MWt-a deň bo­lan iki sa­ny gaz tur­bi­na­ly en­jam­la­ry gur­nal­dy. Beý­le­ki gaz tur­bi­na­la­ryn­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da Ahal DES-iň gaz tur­bi­na­la­ry di­ňe bir gaz­da iş­le­män, şeý­le-de di­zel ýan­gy­jyn­da hem iş­läp bil­ýär. 2013-nji ýyl­da 3 sa­ny we 2014-nji ýyl­da 2 sa­ny gaz tur­bi­na­la­ryň işe gi­ri­zil­me­gi bi­len stan­si­ýa­nyň kuw­wat­ly­ly­gy 648,1 MWt-a deň bol­dy. Bu stan­si­ýa hä­zir­ki wagt­da döw­le­ti­miz­de iň kuw­wat­ly gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy bo­lup dur­ýar.
Awa­za döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 2010-njy ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de işe gi­ri­zil­di. On­da kuw­wat­ly­ly­gy 254,2 MWt-a deň bo­lan iki sa­ny gaz tur­bi­na­sy gur­nal­dy. Olar te­bi­gy gaz­da we di­zel ýan­gy­jyn­da iş­läp bil­ýär­ler. Tas­la­ma bo­ýun­ça gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gyn­dan da­şa­ry 110 kW güý­jen­me­si bo­lan elekt­rik be­ket­le­riň üç sa­ny­sy we 35 kW güý­jen­me­si bo­lan elekt­rik be­ket­le­riň on iki sa­ny­sy gu­rul­dy. Awa­za döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň we ki­çi be­ket­le­riň işe gi­ri­zil­me­gi “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­ny elekt­rik to­gy bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di.
Bal­ka­na­bat döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­ýän ne­bit, gaz we hi­mi­ýa top­lum­la­ry­ny yg­ty­bar­ly elekt­rik to­gy bi­len üp­jün et­mek üçin 2010-njy ýyl­da gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di. Iki gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň je­mi kuw­wat­ly­ly­gy 254,2 MWt-a deň­dir.
Le­bap döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 2014-nji ýy­lyň 7-nji ma­ýyn­da ula­ny­şa tab­şy­ryl­dy. Umu­my kuw­wat­ly­ly­gy 149,2 MWt bo­lan bu stan­si­ýa­da, her bi­ri­niň kuw­wa­ty 49,73 MWt bo­lan üç sa­ny gaz tur­bi­na­la­ry gur­nal­dy.
Der­we­ze döw­let elekt­rik stan­si­ýa­sy 2015-nji ýyl­da işe gi­ri­zi­lip, bu ýer­de je­mi kuw­wa­ty 504,4 MWt bo­lan dört sa­ny gaz tur­bi­na des­ga­la­ry gur­nal­dy. Elekt­rik stan­si­ýa­nyň işe gi­ri­zil­me­gi Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň sarp edi­ji­le­ri­niň elekt­rik üp­jün­çi­li­gi­niň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­di.
“Wa­tan” gaz tur­bi­na­ly elekt­rik stan­si­ýa­sy­nyň gur­lu­şy­gy 2016-njy ýy­lyň tom­sun­da ta­mam­lan­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Döw­let­li et­ra­byn­da ýer­leş­ýän bu stan­si­ýa­nyň kuw­wa­ty 254 MWt-a deň­dir. Ýyl­lyk kuw­wa­ty 2 mil­liard kWt/sa­gat bo­lan elekt­rik be­ke­di ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa ta­lap­la­ry­na do­ly la­ýyk gel­ýär we do­lu­ly­gy­na komp­ýu­ter­leş­di­ri­len­dir.
Äh­li elekt­rik stan­si­ýa­la­ry go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän gaz ýa­tak­la­ryn­dan alyn­ýan te­bi­gy gaz bi­len iş­le­ýär­ler, äti­ýaç­lyk ýan­gyç hök­mün­de ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ry­my­zyň ma­zu­ty we di­zel ýan­gy­jy ula­nyl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy goň­şy döw­let­le­ri­miz Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na we Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na ibe­ril­ýär. Gel­jek­de bol­sa, Pa­kis­ta­na, Tä­ji­gis­ta­na we kä­bir beý­le­ki ýurt­la­ra hem sat­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
“Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2018–2024-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” mer­da­na hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň has-da ýo­kar­lan­ma­gy üçin mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi se­na­gat­laş­dyr­mak, onuň eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak üçin tä­ze kuw­wat­lyk­la­ry işe gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Bel­le­nen dö­wür­de ýur­du­myz­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ön­dü­ril­ýän umu­my möç­be­ri (mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da) 2024-nji ýy­la çen­li 33 mil­liard ki­lo­wat/sa­ga­da ýe­ti­ri­ler.
Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len gu­r­lu­şy­gy do­wam ed­ýän mö­hüm äh­mi­ýet­li Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gu­rul­ma­gy go­laý ýyl­lar­da ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni has-da be­lent de­re­je­le­re çy­ka­rar. Hä­zir­ki dö­wür­de ge­çi­ri­ji­lik uky­by ýyl­da 33 mil­liard kub met­re ba­ra­bar bo­lan tur­ba ge­çi­ri­ji­niň 214 ki­lo­metr­lik türk­men bö­le­gi­ni çek­mek­lik güýç­li dep­gin­ler­de do­wam et­di­ril­ýär. Şu ge­çi­ri­ji­niň ug­ry bi­len Pa­kis­tan döw­le­ti­ne çen­li elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ge­çir­ýän kuw­wat­ly ul­ga­my gur­mak ha­kyn­da­ky yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Bu tas­la­ma­nyň gu­rul­ma­gy tu­tuş se­bit ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ös­me­gi­ne-de uly go­şant bo­lar.
Paý­tag­ty­myz­da 28-29-njy no­ýab­r­da Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Kon­fe­ren­si­ýa­sy­nyň 28-nji mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­li­s­de Türk­me­nis­ta­nyň 2017-nji ýyl­da Hal­ka­ra Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Kon­fe­ren­si­ýa­sy­na baş­lyk­lyk et­me­gi­niň des­lap­ky ne­ti­je­le­ri jem­le­nil­di we Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­na, aý­ra­tyn-da, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň yg­ty­bar­ly üs­ta­şyr ge­çi­ril­me­gi­ne de­giş­li hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giniň äh­mi­ýe­ti ýe­ne bir ge­zek nyg­tal­dy. Dün­ýä­niň 50-ä golaý ýur­dun­dan we­kil­le­riň gat­naş­ma­gyn­da ge­çen mej­lis­de HEH-niň Aş­ga­bat Jar­na­ma­sy ka­bul edi­lip, on­da ener­gi­ýa­nyň yg­ty­bar­ly hä­zir­ki çeş­me­le­ri­niň giň­den, el­ýe­ter­li bol­ma­gy­nyň äh­li ýurt­la­ryň ok­gun­ly ös­me­gi­ne ola­ryň halk­la­ry­nyň aba­dan­çy­ly­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gi bel­le­ni­lip ge­çil­di.
Ýo­kar­da ag­za­lan­lar Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­zi gül­läp ös­me­giň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çy­kar­mak ba­ra­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň aň­ry­ýa­ny bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni aý­dyň ala­mat­lan­dyr­ýar. Biz mer­da­na hal­ky­my­zy asu­da, ag­zy­bir ýur­du­myz­da bo­le­lin, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şat­mak üçin gi­je-gün­diz ala­da ed­ýän mäh­ri­ban Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny­nyň sag, öm­rü­niň uzak bol­ma­gy­ny, il-ýurt bäh­bit­li, dün­ýä äh­mi­ýet­li be­lent tu­tum­ly iş­le­ri­niň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­ni tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­ris!

My­rat­dur­dy Gar­ja­now,
“Za­man-Türk­me­nis­tan”.