2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisi geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy.
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň işine 52 döwletiň ministrlikleriniň we edaralarynyň, 12 halkara we sebitleýin guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, 14 iri energetika kompaniýalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň çäklerinde edilen çykyşlarda, Türkmenistanyň bu abraýly gurama başlyklygyna saýlanylmagynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň energetika howpsuzlygyna, aýratyn-da energiýa serişdeleriniň ygtybarly üstaşyr geçirilmegine degişli halkara başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasy hasaplanylýandygyny belläp geçdiler.
Türkmenistanyň başlyklyk eden döwründe Halkara Energetika Hartiýasyna 7 döwletiň goşulandygy habar berildi. Täze goşulan ýurtlaryň – Gambiýanyň, Nigeriýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň çykyş eden wekilleri Energetika Hartiýasyny hyzmatdaşlyk üçin ýeke-täk meýdança diýip atlandyrdylar we has durnukly energetika geljegini üpjün etmekde bu guramanyň ähmiýetli ornuny bellediler. Energetika Hartiýasynyň işiniň ösüşine aýratyn goşant goşandygy üçin Ýaponiýanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisi Kazuo Kodamo baýraga mynasyp boldy.
Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnak öz çykyşynda Türkmenistanyň dünýäde baý energetika mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen öndüriji ýurt hökmünde hem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji hökmünde hem gyzyklanmalaryň derejesini saklamak ýörelgelerinde gurlan ählumumy energetika howpsuzlygynyň durnukly arhitekturasyny döretmäge ymtylýandygyny belledi.
Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň Aşgabatda geçirilýän mejlisine gatnaşýan daşary ýurt bilermenleri, geňeşçileri hem-de iri kompaniýalaryň dolandyryjy wekilleri energetika pudagynda maýa goýumlarynyň töwekgelçiliklerine baha bermek boýunça strategiki çäreler babatynda öz garaýyşlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin teklip etdiler, şeýle hem dünýä energetika bazaryny ösdürmegiň esasy meselelerine we meýillerine seljerme berdiler.
Şeýle hem maslahatyň gün tertibine birnäçe guramaçylyk meseleleri, şol sanda Konferensiýanyň maksatnamasyny, 2018–2020-nji ýyllarda başlyklyk etmegiň sanawyny, 2018-nji ýylda meýilleşdirilen mejlisleriň deslapky tertibini tassyklamak we beýleki meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy keşbiniň kemala getirilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň oňyn häsiýeti nygtaldy, häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde bu başlangyçlaryň uly gyzyklanma eýedigine “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde orny” atly Rezolýusiýalaryň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek kabul edilendigi hem şaýatlyk edýär.
Milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda nebit-gaz, energetika hem-de nebit-himiýa pudaklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli hem-de köp milliardlyk maýa goýum taslamalary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistany kuwwatly senagat ýurduna öwürmek milli Liderimiziň alyp barýan syýasatynyň özenini düzýär. 2008–2016-njy ýyllar üçin maýa goýumda esasy kapitalyň möçberi 3,8 esse artdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda 144 milliard dollardan gowrak maýa goýlup, 544 sany iri önümçilik we önümçilik däl maksatly desgalar guruldy.
Şu ýerde ýurdumyzyň nebit-gaz, energetika we energiýa serişdeleriniň gaýtadan dikeldilýän pudaklarynyň mümkinçilikleri barada käbir gysgaça maglumatlara ünsüňizi çekmek isleýäris. Bu maglumatlar ýurdumyzyň tutuş dünýäde senagat taýdan kuwwatly hem-de iri energetika döwletidigini görkezýär.
Elektrik energetika mümkinçiligi:
– 2018–2024-nji ýyllarda Türkmenistan boýunça elektrik energiýasynyň önümçiliginiň möçberi 30,9 milliard kWt/sagada ýetiriler. Bu görkeziji 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende 29,5 göterim köpdür.
– Ýurdumyzda soňky birnäçe ýylyň dowamynda eýýäm meýilleşdirilen gazturbina stansiýalarynyň 14-sinden 6-sy ulanmaga berildi. Pudagyň hünärmenleri 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzyň çäklerinde umumy kuwwaty 3854 megawata deň bolan täze energetika desgalaryny işe girizmegi göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, şol döwre çenli Türkmenistanda elektrik energiýasynyň önümçiliginiň çak edilýän derejesi 26 milliard 380 million kilowat sagada ýetiriler, daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberi bolsa birnäçe esse artar..
– 2024-nji ýyla çenli pudaga 12,8 milliard manatlyk maýa goýum goýlup, degişli döwre çenli elektrik togunyň eksport möçberini 9,3 göterim artdyryp, 3,5 milliard kWt/sagada ýetirmek meýilleşdirilýär.
Nebit-gaz toplumynyň mümkinçiligi:
– Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hasaplanýan nebit-gaz toplumynda häzire çenli köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Dünýäniň iň uzyn turba geçirijisi bolan Türkmenistan-Gazagystan-Özbegistan-Hytaý gaz geçirijisi gurlup, ulanylmaga berildi. Uzynlygy 800 km-e golaý bolan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Asyryň taslamasy hökmünde kabul edilýän hem-de 1800 km-e uzalyp gidýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.
– Tebigy gaz gory boýunça dünýäde ikinji orunda durýan “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmek işleri gyzgalaňly dowam edýär.
– 2018–2024-nji ýyllarda nebit-gaz toplumyna 160 milliard manatdan gowrak maýa goýlar we 9 müň täze iş orunlary açylar. Degişli ýyllarda gazyň çykarylyşy 1,7 esse artar. Dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän polipropilen, poliwinilhlorid, kaustik sodasy, duz kislotasy we hloryň suwuk görnüşi ýaly önümleriň önümçiligi ýola goýlar.
Energiýa çeşmeleriň gaýtadan
dikeldiş mümkinçiligi:
– Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maglumatyna görä, ýurdumyzyň gaýtadan dikeldiş energiýa mümkinçiligi 1 ýylyň dowamynda 110 milliard tonna ýangyja deňdir.
– Gün şöhlesiniň energiýasyndan peýdalanmak has hem amatlydyr. Türkmenistanyň her ýylky geliýoenergetik mümkinçiligi 1,4 milliard tonna ýangyja barabardyr. Ýurdumyzda 1 ýylyň 300 güni güneşlidir.
– Türkmenistanda ýel energiýasynyň ulanylyş mümkinçiligi uludyr. Hazarýaka zolaklarynyň bir ýylky ýel energiýasynyň mümkinçiligi 640 milliard kWt/sagada deňdir.