29-30-njy no­ýabr­da türk­men paý­tag­tyn­da Ru­my­ni­ýa­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri ge­çi­ril­di. Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Mu­kam­lar köş­gü­niň bi­na­syn­da onuň da­ba­ra­ly açy­ly­şy bol­dy. Bu ýe­re me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň, Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän da­şa­ry ýurt dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri  we ýaş­la­r ýyg­nan­dy­lar.

Da­ba­ra­ly açy­lyş­da Ru­my­ni­ýa­nyň Me­de­ni­ýet we mil­li meň­zeş­lik mi­nistr­li­gi­niň döw­let sek­re­ta­ry Alek­sandr Opr­ýan ýyg­na­nan­la­ra gut­lag sö­zi bi­len ýüz­len­di. Ol ýyg­na­nan­la­ry şan­ly wa­ka bi­len gut­lap, bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da eme­le ge­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy üs­tün­lik­li ös­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Bu gat­na­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi iki ýur­duň aba­dan­çy­ly­gy­na hyz­mat ed­ýär.
Da­ba­ra­nyň ahy­ryn­da Bu­ha­res­tiň Mil­li ope­ra aý­dym­çy­sy Iri­na Ior­da­kes­ku­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let sim­fo­ni­ki or­kest­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da kon­sert bol­dy.
Ru­my­ni­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de Mu­kam­lar köş­gü­niň eý­wa­nyn­da dost­luk­ly ýur­duň iri mu­zeý top­lu­my – Ru­my­ni­ýa­nyň ta­ry­hy­nyň Mil­li mu­ze­ýi­niň eks­po­nat­la­ryn­dan dü­zü­len fo­to­su­rat­la­ryň ser­gi­si açyl­dy, bu mu­zeý­de iň ga­dy­my dö­wür­ler­den bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ry öz içi­ne al­ýan mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry sak­lan­ýar. Şeý­le hem bu mu­zeý­de dün­ýä­niň iň gym­mat­ly ar­heo­lo­gi­k ta­pyn­dy­la­ry­nyň top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gör­ke­zil­di.