or­mat­ly Prezidentimiziň ”Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly köp­ jilt­lik en­sik­lo­pe­dik ki­ta­by­nyň do­ku­zyn­jy jiltiniň çap edil­me­gi di­ňe luk­man­la­ry däl, eý­sem, der­manlyk ot­lary bi­len gy­zyk­lan­ýan­la­ry hem be­gen­dir­di. Ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Ýo­kanç ke­sel­le­ri mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň Mer­ke­zi de­ri-we­ne­ro­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” atly tä­ze kitaby ba­ra­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.
Mi­nistr­li­giň luk­man­çy­lyk ki­tap­ha­na­sy we Mer­ke­zi de­ri-we­ne­ro­lo­gi­ýa has­sa­ha­na­sy­nyň il­kin­ji par­ti­ýa gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan söh­bet­deş­lik­de bu kitabyň ulus-ili­miz üçin aja­ýyp sow­gat­dy­gy ba­ra­da, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň, ene-ma­ma­la­ry­my­zyň te­bip­çi­lik­de ula­nan ýer­li ot-çöp­le­ri, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da dün­ýä yl­myn­da ýe­ti­len sep­git­ler ba­ra­da gür­rüň edil­di.
”Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri” at­ly en­sik­lo­pe­dik eser dün­ýä luk­man­çy­lyk yl­my­na uly go­şant go­şýar. Se­bä­bi ol iň­lis, rus dil­le­rin­de hem çap edil­di. Ki­tap hil taý­dan nus­ga­lyk bo­lup, ol Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip­dir. Il-hal­ky­ny Gün ki­min çoý­ýan ýurt Baş­tu­ta­ny­myz “Il sag­ly­gy – ýurt baý­ly­gy” di­ýen pel­se­pä yg­rar­ly bo­lup, ýur­du­myz­da en­çe­me sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport des­ga­la­ry­ny gu­rup ber­di. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň açyk ga­py­lar sy­ýa­sa­ty ne­ti­je­sin­de, BMG-niň Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy ýa­ly ab­raý­ly gu­ra­ma­lar bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk sak­la­nyl­ýar. Biz luk­man­lar ilat ara­syn­da ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak ba­ra­da, sag­ly­ga zy­ýan­ly en­dik­ler­den ga­ça dur­mak ba­ra­da wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni alyp bar­ýa­rys, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­saň, jan sag­ly­gy­na uly peý­da­sy­nyň bar­dy­gy­ny ola­ra dü­şün­dir­ýä­ris.
Öz hal­ky­nyň sag­ly­gy, bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da el­my­da­ma ala­da ed­ýän hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag bol­sun, alyp bar­ýan il-ýurt, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ser­dar Baý­ram­mu­ham­me­dow,
Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we Der­man
se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Ýo­kanç ke­sel­le­ri
mer­kez­le­ri mü­di­ri­ýe­ti­niň Baş mü­di­ri­niň
orun­ba­sa­ry we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji.