älim bolşy ýaly, emele gelýän ýangynlaryň aglabasy raýatlaryň ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bozýandyklary zerarly ýüze çykýar. Her bir döräp biljek ýangynyň öňüni almak mümkin. Munuň üçin bolsa, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek zerurdyr.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýangyn howpsuzlygy gullugy ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dogry berjaý etmek we ýangyn hadysasy ýüze çykanda onuň garşysyna göreşmek üçin şulary ýatladýar.
Ýangynyň islendik görnüşi ýüze çykanda ýa-da tüssäniň ysy duýlanda 01 belgili telefon arkaly (el telefonyndan 001) degişli gulluklara habar bermeli. Ýangyn dörän halatynda, ilkinji ýangyn söndüriji serişdeleriniň ýa-da suwuň, çägäniň, gumuň, keçäniň, syk dokalan matanyň kömegi bilen ony söndürmäge synanyşmaly, eger-de öz güýjüňiz bilen söndürmek başartmasa, onda haýal etmän, öýden çykmaly. Öýden çykanyňyzda gapyny berk ýapmaly, lifti ulanmaly däl. Öýüň elektrik toguny we gaz akdyryjysyny öçürmeli. Öýde dörän ýangyna howa baryp, güýjemezligi üçin, penjireleri döwmek, gapyny açyp goýmak bolmaýar. Ýangyn söndüriji toparyny garşylamak we ýangynyň dörän ýerine iň amatly ýol bilen alyp gelmek üçin, bir adamy ugratmaly. Elektrik togy bilen işleýän enjamlarda ýangyn dörände, haýal etmän, elektrik birikdirijisini aýyrmaly ýa-da umumy elektrik toguny öçürmeli we şondan soň, dörän ýangyny söndürmäge girişmeli.
Hormatly ildeşler! Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplaryny berjaý etmäge borçludyr. Janymyza, saglygymyza, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz otdan seresap bolalyň!
Gurbanmyrat Orazmyradow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň
Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 108-nji
harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk
bölüminiň başlygy, içerki gullugyň maýory.