Fiziki işjeňligiň saglygy berkidýändigi hemmämize mälimdir. Günbatar Sidneý uniwersitetiniň işgäri Jozef Firta yzygiderli türgenleşikleriň beýniniň merkezini özgerdýändigini belleýär. Bu bolsa, şizofreniýa ýaly psihiatrik keselli adamlar üçin möhüm açyşdyr diýip, “The Brisbane Times” saýty ýazýar.
Gippokampyň çep tarapynyň seljerişi bu zolagyň türgenleşiklere juda duýgurdygyny we fiziki işjeňlik netijesinde ulalýandygyny görkezdi. Şunuň bilen birlikde gippokampyň umumy göwrümi onçakly özgermeýär. Näme üçin gippokampyň diňe bir tarapynyň göwrüminiň ulalýanlygyna welin, alymlar jogap tapyp bilmeýärler. Olar iki tarapynyň hem şol bir işi edýändigini, ýagny ýatlamalary emele getirýändigini, ruhy saglygy goraýandygyny we duýgulary sazlaýandygyny aýdýarlar. Sagdyn beýniniň 40 ýaşdan soň, her 10 ýyldan 5 göterim garrap ugraýanlygy hakykatdyr. Bu bolsa, az-kem neýrotrofik ýagdaýyň derejesiniň pese düşmegi bilen baglanyşyklydyr. Türgenleşik wagtynda bolsa, neýrotrofik ýagdaý bölünip çykyp, ol toplandygyça hem beýniniň garrama prosesi pese düşýär.