Kädiniň dermanlyk häsiýeti barada megerem, köpümiz eşiden bolsak gerek. Kädiniň düzüminde uly mukdarda karotoinler bolup, onuň netijesinde, bedenimizde A (retinol) witamini döreýär. Düzüminde demriň uly mukdaryny saklaýan bu önüm, ganazlykdan kösenýänler üçin gymmatly önümdir. Şeýle hem kädi bedenden zäherli maddalary, şlaklary we artykmaç holesterinleri çykarmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şonuň üçin kädi ýüregagyrylylara hem-de bedenini galyndylardan arassalamak isleýänlere juda peýdalydyr. Kädi çigidiniň düzüminde sink bolup, peşew ýollaryny, ödi arassalamakda, deriniň ýagdaýyny sazlamakda juda peýdalydyr.
Kädi düzüminde kaliniň uly mukdaryny saklap, bedenden suwuklygyň çykmagyny tizleşdirýär. Kim ýüregagyrydan, böwrekden, peşew ýollarynyň näsazlygyndan ejir çekýän bolsa, kädi juda peýdalydyr. Kädi şiresi düzüminde juda seýrek bolan T witaminini saklap, ganyň düzümini durnuklaşdyryp, dişleriň ganamagynyň öňüni alýar. Kädiniň düzümindäki A witamini gözleriň saglygyna ýardam berip, görşüňi gowulaşdyrýar. Umuman, kädi ýara ýapylanda, aşgazanyň nemli bardasy çişende tiz bitirýär, kädi çigidi prostatiti bejermekde, şiresi görşüňi gowulaşdyrmakda tapylgysyz önümdir. Şular bilen birlikde kädi ýokumly iýmitleriň biri hasaplanýar.
Taýýarlan Şemsi Bapbyýew,
S. A. Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň mugallymy.