Russiýa şu ýylyň başyndan bäri, ýagny bassyr 8 aýdan bäri Hytaýa nebit eksport etmekde öňdeligi eýeleýär. Oktýabr aýyndaky görkeziji 4,65 million tonna deňdir. Bu barada Hytaýyň baş gümrük edarasy habar berýär. Ýöne oktýabr aýyndaky eksportuň möçberi sentýabr aýyna garanyňda, 1,9 göterim azaldy. Sentýabr aýyndaky görkeziji 6,4 million tonna barabardyr.
Hytaýa nebit eksport etmekde ikinji orny Saud Arabystany eýeleýär. Oktýabr aýynda 4,6 million tonna nebit iberilip, 16 göterim ösüş gazanyldy. Üçünji orny Angola eýeläp, bu ýurduň oktýabr aýynda eksport eden nebitiniň möçberi 3,4 million tonna deňdir.
Russiýanyň “Rosneft” kompaniýasy 2018-nji ýylda Hytaýa iberilýän nebitiň mukdaryny artdyrmagy göz öňünde tutýar. Rus kompaniýasynyň şu ýyldaky Hytaýa nebit eksporty 40 million tonna golaýlar. 2016-njy ýylda bu görkeziji 34,5 million tonna nebite deň bolupdy. Bu sepgitlere Hytaýyň nebit-gaz korporasiýasy CNPC bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde ýetildi. “Rosneft”-iň nebitiniň 80 göterimini Hytaýyň nebitgaz korporasiýasy satyn alýar.