Beýik Britaniýa 2017-nji ýylda dünýä ykdysadyýetinde öňdebaryjy ýurtlaryň sanawynda 6-njy orny eýeledi. Bu barada ýurduň hazyna gözegçilik edýän kansleri Filip Hemmond habar berdi. Ol Halkara Pul Gaznasynyň maglumatlaryna salgylanyp, Fransiýanyň Beýik Britaniýadan öňe saýlanandygyny mälim etdi. Fransiýanyň jemi içerki önüminiň möçberi 2,575 trillion dollara deňdir, Beýik Britaniýanyň bu ugurdaky görkezijisi 2,565 trillion dollara barabardyr. Iki ýurduň arasyndaky aratapawut onçakly uly däl. Emma Fransiýa soňky ýyllarda gowy netijeler gazanýar. Ol 2013-nji ýyldan bäri ilkinji gezek öňe saýlandy.
Halkara Pul Gaznasynyň sanawyna görä, birinji orunda ABŞ durýar. Onuň jemi içerki önüminiň möçberi 19,4 trillion dollardyr. Ikinji orunda Hytaý (11,9 trillion $), üçünji orunda Ýaponiýa (4,9 trillion $) we dördünji orunda Germaniýa (3,7 trillion $) barýar.