Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary bilen türkmen halkynyň gadymyýetden gelýän milli gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň, alabaý itimiziň, halymyzyň we beýleki milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilýän döwründe Hindistanda neşir edilýän “Creature Companion” žurnalynyň noýabr aýyndaky sanynda türkmen alabaý iti barada gyzykly makala neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.
“Creature Companion” žurnalynyň türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri hakyky dosty bolup gelýän alabaý iti barada taýýarlan makalasy okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Žurnalyň sahaby türkmeniň alabaý itleri bilen bezelip, baş makala hem olara bagyşlanýar. Makalada alabaý itiniň 4000–5000 ýyl ozal eldekileşdirilendigi habar berilýär. “Daglaryň söweşijisi: Orta Aziýanyň çopany (Alabaý)” atly bu makalada hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine alabaý itini sowgat berendigi barada hem bellenilýär. Paramjit Sinh Dhesiniň ýazan makalasynda alabaýyň Orta aziýalylar üçin uly gymmatlykdygy hakda aýdylýar. Alabaýyň ýerli halkyň ýakyn dosty hasaplanylýandygy, olaryň çydamlylygy, eýesine wepalylygy aýratyn bellenilýär. Çopanlaryň esasy kömekçileridigi, şeýle-de hojalyklarda öýleriň sakçylarydygy barada giňişleýin gürrüň berilýär.
“Creature Companion” atly bu žurnal öý haýwanlary barada bolup, ol her aýda çykýar. Žurnal aýratynam öý haýwanlarynyň muşdaklary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän neşirleriň biri bolup, onda itler, pişikler, guşlar, balyklar we beýleki haýwanlar baradaky täzelikler, makalalar, täze açyşlar yzygiderli okyjylara ýetirilýär. Şeýle-de žurnalda öý haýwanlaryna degişli dürli enjamlar hakynda hem maglumatlar bar.