Täze barlaglar dogruçyllygyň, erjelligiň hem-de öz borçlaryňa ak ýürek bilen garamagyň uzak ýaşamagyň açary bolup biljekdigini görkezdi. Kaliforniýa we Rimiň Sapienza uniwersitetleriniň alymlary 100 ýaşdan geçen 29 sany italiýalynyň fiziki we ruhy saglygyny barlagdan geçirenlerinde, uzak ýaşaýanlarda haýsydyr bir aýratynlygyň bardygyny ýüze çykardylar diýip “The Independent” ýazýar. Netijede, uzak ýaşaýanlar, maşgalasynyň has ýaş agzalaryna garanyňda, ruhy saglygynyň has ýokary derejesi bilen tapawutlanýan eken. Bu barlagda uzak ýaşanlaryň maşgala agzalary olaryň nähili durmuş ýörelgesini alyp barýanlygy barada gürrüň beripdirler.
Barlaglarda uzak ýaşanlar dünýäni bolşy ýaly kabul edipdirler, erjel, tutanýerli bolup, töweregindäkileriň özleri baradaky pikirlerine onçakly baş galdyrmandyrlar. Uzak ýaşanlar şäherde ýaşamagy makul bilipdirler, olar maşgalasyny, däp-dessurlaryny we ýaşaýan ýerlerini ýürekden söýüpdirler.