Hü­när­men­ler ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny ber­kit­mek üçin di­ňe bir yl­ga­wyň ýe­ter­lik bol­man, eý­sem, al­ko­gol­dan we çi­lim­den do­ly ýüz öwür­me­giň ze­rur­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler uzak ara­ly­ga yl­gan 50 er­kek ki­şi ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ry sel­jer­di­ler di­ýip, “The Deccan Chro­nicle” saý­ty ýaz­ýar.
Alym­lar meý­le­tin­çi­le­riň dur­muş ýö­rel­ge­leri­ne we sag­lyk ýag­da­ýlary­na ba­ha ber­di­ler. Şeý­le hem meý­le­tin­çi­ler in­farkt we in­sult how­pu­ny ýo­kar­lan­dyr­ýan ate­rosk­le­ro­zyň (da­mar­la­ra ho­les­te­rin çö­kün­di­le­ri­niň top­lan­ma­gy) bar­la­gyn­dan geç­di­ler. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler yl­ga­wyň meý­le­tin­çi­le­riň sag­ly­gy­na ýe­ti­ren tä­si­ri­ni anyk­la­ma­ga sy­na­nyş­dy­lar.
Bar­lag­lar 16 yl­gaw­çy­nyň ar­te­ri­ýa­la­ryn­da ho­les­te­rin çö­kün­di­si­niň ýokdugy gör­ke­zip­dir. 12 yl­gaw­çy­nyň da­mar­la­ryn­da­ky ýag çö­kün­di­le­ri de­re­je­si pes, 12-si­niň­ki aram, 10-syn­ky bol­sa, ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar çi­li­mi taş­la­man yl­ga­ma­gyň ar­te­ri­ýa­da­ky ho­les­te­rin çö­kün­di­le­ri­niň muk­da­ry­nyň azal­ma­gy­na on­çak­ly tä­sir et­me­ýän­di­gi bel­li bo­lup­dyr. Bar­lag­lar­da sag­dyn bol­ma­dyk iý­mi­tiň we çi­li­miň ýü­re­giň sag­ly­gy­na er­bet tä­sir ed­ýän­di­gi aý­dyň­laş­dy­ry­lyp­dyr. Ne­ti­je­de, çi­lim we ho­les­te­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­si da­mar­lar­da howp­ly ýag çö­kün­di­le­ri­niň dö­re­me­gi­ni güýç­len­dir­ýän­di­gi belli bolupdyr.