Fotosuratçylaryň iň köp ulanýan internet ulgamy “Flickr” 2017 –nji ýyldaky statistik maglumatlaryny mälim etdi. Maglumatlara görä, internetde goýulýan suratlaryň aglabasy, ýagny 54%-i “iPhone” arkaly surata düşürilipdir. Asyl maksady surat almak bolan “Canon” 23%, “Nikon” bolsa, 18% eýeläpdir. 2015-nji ýylda “Flickr”-a goýlan suratlaryň 42%-i “iPhone” degişlidi. Bu mukdara çykmagynyň asyl sebäbi “iPhone 7 Plus”-da bar bolan portret görnüşinde surata almak aýratynlygydyr. Umuman, “Flickr”däki suratlaryň agramly bölegi akylly telefonlarda, 33%-i bolsa, DSLR fotoapparatlarda surata düşürilendigi anyklanyldy.