Ykdysady žurnal “Forbes” ýylyň iň köp pul gazanan aktýorlarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawda 1-nji ýeri “Transformerler” kinosynyň aktýory
Mark Wolberg eýeledi.Ol soňky 12 aýyň dowamynda 68 million dollar gazandy. Geçen ýylyň birinjisi Dweýn Jonson ondan 3 million dollar az gazanyp, 2-nji orna mynasyp boldy. Hereketli kinolaryň ýyldyzy Win Dizel 3-nji (54,5 million $), komediýaçy Adam Sandler 4-nji (50,5 million $), gonkongly Jeki Çan 5-nji (49 million $) bolup sanawa goşuldy. 48 million dollar ýygnan Robert Dawni Junior 6-njy, hem-de 43 million dollar gazanç eden Tom Kruz 7-nji ýeri eýeledi. Öňdäki onlugy Bolliwudyň ýyldyzylary – Şahruh Han (38 million $), Salman Han (37 million $) hem-de Akşaý Kumar (35,5 million $) jemledi.