UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da to­par­ça­da­ky oýun­larda bir­nä­çe re­kord goýul­dy. Şo­la­ryň bi­ri ge­çi­ri­len 96 du­şu­şyk­da 306 go­luň der­we­zä urul­ma­gy bol­dy (or­ta­ça her oý­na 3,1875 gol­dan düş­ýär). Şeý­le-de PSŽ 25 gol bi­len to­par­ça­lar­da iň köp pök­gi sa­lan to­par di­ýen ady eýe­le­di. Bu ýa­ry­şyň iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi­si Kris­tia­no Ro­nal­do bir möw­süm­de to­par­ça­da­ky äh­li oýun­da-da (6) gol ge­çi­ren il­kin­ji fut­bol­çy bol­ma­gy ba­şar­dy. Por­tu­ga­li­ýa­ly ýyl­dyz to­par­ça­lar­da umu­my­lyk­da 60 ge­zek ta­pa­wut­la­nyp, bu ugur­da Lio­nel Mes­si bi­len deň­leş­di. “Bar­se­lo­na” 1 gol ge­çir­dip, ozal bir­nä­çe ge­zek baş­ga klub­lar hem-de özi ta­ra­pyn­dan tä­ze­le­nen re­kor­dy ýe­ne bir ýo­la gaý­ta­la­dy. Bir ýurt­dan 4 klu­buň to­par­ça­la­ryn­da 1-nji ýe­ri eýe­le­me­gi, “Li­wer­pu­lyň” myh­man­çy­lyk­da “Ma­ri­bo­ry” 7–0 ut­ma­gy ýa­ly gör­ke­zi­ji­ler hem gaý­ta­la­nan beý­le­ki re­kord­lar diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Şeýle-de ýene bir esa­sy re­kord, ikin­ji tap­gy­ra 1 ýurt­dan il­kin­ji ge­zek 5 to­pa­ryň çyk­ma­gy bol­dy. Ýag­ny ikin­ji tap­gyr­da çy­kyş et­jek 16 klu­buň 5-si Ang­li­ýa­dan bo­lup, şeý­le wa­ka il­kin­ji ge­zek duş ge­lin­ýär. 4 to­par bi­len ýa­ry­şa gat­na­şan is­pan­la­ryň 3-si bäs­le­şi­gi do­wam et­dir­ýär. 3 klub bi­len baş­lan ital­ýan­la­ryň 2-si 1/8 fi­nal­da çy­kyş eder. Şeý­le-de Ger­ma­ni­ýa­dyr Fran­si­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den, Şweý­sa­ri­ýa­dan, Por­tu­ga­li­ýa­dan we Uk­rai­na­dan 1 klub 2-nji tap­gy­ryň pe­te­gi­ni ga­zan­dy.
Şu hep­dä­niň du­şen­be gü­ni Şweý­sa­ri­ýa­nyň Ni­on şä­he­rin­de ikin­ji tap­gy­ryň ýa-da baş­ga­ça aý­dy­lan­da, 1/8 fi­na­lyň bi­je­le­ri çe­kil­di. Bi­jä la­ýyk­lyk­da, fut­bol muş­dak­la­ry­na few­ral we mart aý­la­ryn­da bi­r-bi­rin­den gy­zyk­ly du­şu­şyk­lar ga­raş­ýar.

Çem­pi­on PSŽ bi­len du­şu­şar
Soň­ky 2 ýy­lyň çem­pio­ny we mu­ny ba­şa­ran il­kin­ji to­par ady­nyň eýe­si “Re­al Mad­rid” bu ku­bo­ga ym­tyl­ýan “Pa­ri Sen Žer­men” bi­len du­şu­şar. Iki to­par mun­dan ozal 6 ge­zek öza­ra du­şu­şyk ge­çir­di. Şo­lar­da her to­pa­ram 2 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy, 2 oý­un bolsa deň­lik­de ta­mam­lan­dy. Fut­bol bi­ler­men­le­ri bu bi­jä­ni ir­ki fi­nal di­ýip bel­le­ýär­ler. Ýö­ri­te Çem­pi­on­lar li­ga­sy­ny ga­zan­mak üçin Neý­mar, Mbap­pe ýa­ly ýyl­dy­zla­ry ha­ta­ry­na go­şan PSŽ-niň Unaý Eme­ri­niň tä­lim­çi­li­gin­de bu ku­bo­gy iň köp alan klu­buň gar­şy­sy­na ge­çir­jek 2 du­şu­şy­gy-da eý­ýäm­den jan­kö­ýer­le­riň esa­sy üns mer­ke­zin­de.
Tap­gy­ryň ýe­ne bir esa­sy üns çek­ýän du­şu­şy­gy “Çel­si” bi­len “Bar­se­lo­na­nyň” ara­syn­da bo­lar. Iki to­par şu wag­ta çen­li 12 ge­zek du­şuş­dy. Şo­la­ryň 4-sin­de “Çel­si”, 3-sin­de “Bar­se­lo­na” ýe­ňiş ga­zan­dy. 5 du­şu­şyk­da ýe­ňiş ga­za­nan bol­ma­dy. Iki to­pa­ryň ara­syn­da­ky iň ýat­da ga­lan oýun 2011/2012 möw­sü­min­de Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň ýa­rym fi­na­lyn­da bo­lup­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan “Çel­si” jo­gap du­şu­şy­gyn­da 2–2 deň­me-deň oý­nap­dy. Oý­nuň baş­la­ryn­da bir oýun­çy­sy gy­zyl pe­tek alan “Çel­si” bar ün­si go­ra­ga jem­läp, gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler bi­len 2 gol ge­çir­ip­di. “Çel­si” şol ýyl çem­pi­on bo­lup­dy.
Wi­se-çem­pi­on “Ýu­wen­tus” ýe­ne-de azyn­dan şol ba­şar­ny­gy­ny gaý­ta­la­mak is­le­ýän bol­sa, on­da olar il­ki iň­lis klu­by “Tot­ten­hem­den” üs­tün çyk­ma­ly bo­lar­lar. “Ýu­wen­tus” bi­len “Tot­ten­hem” he­ni­ze çen­li res­mi du­şu­şyk ge­çir­män­dir. Ýö­ne ola­ryň şu to­mus­da oý­nan ýol­daş­lyk du­şu­şy­gyn­da lon­don­ly­lar 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
Uk­ra­in to­pa­ry “Şaht­ýor” Ita­li­ýa­nyň “Ro­ma­sy” bi­len bi­je çe­kiş­di. Iki klub mun­dan öňem 2010/2011 möw­sü­mi­ne Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň 2-nji tap­gy­ryn­da ga­bat­la­şyp­dy­lar. Şon­da “Şaht­ýor” Rim­de 3–2, öz meý­dan­ça­syn­da-da 3–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy.
To­par­ça­da “Li­wer­pul” bi­len du­şu­şan Is­pa­ni­ýa­nyň “Se­wil­ýa­sy­nyň” bi­je­si­ne 1/8 fi­nal­da ýe­ne-de başga bir iň­lis to­pa­ry “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” çykdy. Ýew­ro­pa li­ga­sy­nyň soň­ky ýyl­lar­da­ky ýe­ňi­ji­le­ri “Se­wil­ýa” bi­len “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” mun­dan öň ýe­ke ge­ze­gem Ýew­ro­ku­bok­lar­da ga­bat­laş­man­dy.
“A” to­par­ça­da 12 utuk ga­za­nyp, 2-nji tap­gy­ryň pe­te­gi­ni alan Şweý­sa­ri­ýa­nyň “Ba­zel” to­pa­ry­nyň ýo­ly ýe­ne bir Man­çes­ter şä­he­ri­ne düş­di. Ol to­par­ça­da “Ýu­naý­ted” bi­len du­şu­şyp­dy. In­di, onuň gar­şy­da­şy şä­he­riň beý­le­ki klu­by “Si­ti” bol­dy. Few­ral aýyn­da oý­nal­jak oýun 2 to­pa­ryň ara­syn­da­ky il­kin­ji du­şu­şyk bo­lar.
To­par­ça­syn­da 1-nji ýe­ri alan “Be­şik­ta­şyň” bi­je­si­ne 2-nji tap­gyr­da güýç­li gar­şy­daş çyk­dy. Türk klu­by Ger­ma­ni­ýa­nyň “Ba­wa­ri­ýa­sy” bi­len du­şu­şar. Iki to­par 1997/1998 möw­sü­min­de to­par­ça­da ga­bat­la­şyp­dy we iki­sin­de-de mün­hen­li­ler 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy.
“Por­to” bi­len “Li­wer­pul” mun­dan ozal, 4 ge­zek öza­ra güýç sy­na­ny­şyp­dy. Şo­lar­da 2 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan “Li­wer­pul” bo­lup­dy we 2 oý­un hem deň­likde gu­ta­ryp­dy.

UEFA Çem­pi­on­lar li­ga­sy 1/8 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry:
13-nji few­ral – 7-nji mart
“Ýu­wen­tus” (Ita­li­ýa) – “Tot­ten­hem” (Ang­li­ýa)
“Ba­zel” (Şweý­sa­ri­ýa) – “Man­çes­ter Si­ti” (Ang­li­ýa)
14-nji few­ral – 6-njy mart
“Por­to” (Por­tu­ga­li­ýa) – “Li­wer­pul” (Ang­li­ýa)
“Re­al Mad­rid” (Is­pa­ni­ýa) – “Pa­ri Sen Žer­men” (Fran­si­ýa)
20-nji few­ral – 14-nji mart
“Çel­si” (Ang­li­ýa) – “Bar­se­lo­na” (Is­pa­ni­ýa)
“Ba­wa­ri­ýa” (Ger­ma­ni­ýa) – “Be­şik­taş” (Tür­ki­ýe)
21-nji fer­wal – 13-nji mart
“Se­wil­ýa” (Is­pa­ni­ýa) – “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” (Ang­li­ýa)
“Şaht­ýor Do­nesk” (Uk­rai­na) – “Ro­ma” (Ita­li­ýa)
UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy
Ozal­ky­la­ra ga­ra­nyň­da, şu ge­zek güýç­li klub­la­ryň gat­naş­ýan Ýew­ro­pa li­ga­syn­da-da 2-nji tap­gy­ryň bi­je­le­ri çe­kil­di. 32 klub ýa­ry­şy do­wam et­di­rip, ola­ryň 8-si Çem­pi­on­lar li­ga­syn­dan gel­di. Bu bäs­le­şik­de Is­pa­ni­ýa­nyň, Ita­li­ýa­nyň hem-de Rus­si­ýa­nyň adyn­dan 4 klub we­kil­çi­lik ed­ýär. Fran­suz­la­ryň 3 klu­by ýa­ry­şy do­wam et­dir­se, Ger­ma­ni­ýa­nyň, Por­tu­ga­li­ýa­nyň we Ser­bi­ýa­nyň 2 to­pa­ry 2-nji tap­gy­ra ady­ny ýaz­dyr­dy. Entek bu kubogy gazanyp görmedik “Milan” “Ludogores” bilen bije atyşdy. “Arsenal” bolsa ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýan “Estersund” bilen güýç synanyşar. 1/16 fi­na­lyň 1-nji oýun­la­ry 15-nji few­ral­da, jo­gap du­şu­şyk­la­ry-da 22-nji few­ral­da oý­na­lar.

UEFA Ýew­ro­pa li­ga­sy 1/16 fi­na­lyň du­şu­şyk­la­ry
1. “Bo­rus­si­ýa Dort­mund” (Ger­ma­ni­ýa) – “Ata­lan­ta” (Ita­li­ýa)
2. “Nis­sa” (Fran­si­ýa) – “Lo­ko­mo­tiw” (Rus­si­ýa)
3. “Ko­pen­ga­gen” (Da­ni­ýa) – “At­le­ti­ko Mad­rid” (Is­pa­ni­ýa)
4. “Spar­tak M.” (Rus­si­ýa) – “At­le­tik Bil­bao” (Is­pa­ni­ýa)
5. AEK (Gre­si­ýa) – “Di­na­mo Ki­ýew” (Uk­rai­na)
6. “Sel­tik” (Şot­lan­di­ýa) – “Ze­nit” (Rus­si­ýa)
7. “Na­po­li” (Ita­li­ýa) – “Le­ip­sig” (Ger­ma­ni­ýa)
8. “Srwe­na Zwez­da” (Ser­bi­ýa) – SSKA Mosk­wa” (Rus­si­ýa)
9. “Li­on” (Fran­si­ýa) – “Wil­ýar­re­al” (Is­pa­ni­ýa)
10. “Re­al So­sie­dad” (Is­pa­ni­ýa) – “Sals­burg” (Awst­ri­ýa)
11. “Par­ti­zan” (Ser­bi­ýa) – “Wik­to­ri­ýa Plžen” (Çe­hi­ýa)
12. “Stýaua” (Ru­my­ni­ýa) – “La­sio” (Ita­li­ýa)
13. “Lu­do­go­res” (Bol­ga­ri­ýa) – “Mi­lan” (Ita­li­ýa)
14. “As­ta­na” (Ga­za­gys­tan) – “Spor­ting” (Por­tu­ga­li­ýa)
15. “Es­ter­sund” (Şwe­si­ýa) – “Ar­se­nal” (Ang­li­ýa)
16. “Mar­sel” (Fran­si­ýa) – “Bra­ga” (Por­tu­ga­li­ýa)