Ispaniýanyň “La Ligasynda” “Barselona” myhmançylykda “Wilýarrealy” Suares we Messiniň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňdi. Şunlukda, Lionel Messi “Barselona” bilen “La Ligadaky” 300-nji ýeňşini gazandy (397 oýunda). Argentinaly ýyldyz şol birwagtyň özünde-de bu klubdaky 525-nji goluny geçirdi. Messi bu babatda Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynda iň köp gol geçiren rowaýaty futbolçy, germaniýaly Gerd Müller bilen deňleşdi. Müller 572 oýunda muny başaran bolsa, Messä 605 duşuşykda şeýle netijä ýetmek başartdy.
* Italiýanyň çempionatynda “Italia” derbisinde – “Ýuwentus”–“Inter” duşuşygynda hasap açylmady. Bu tapgyrda “Roma-da”, “Napoli-de” öz duşuşyklaryny 0–0 tamamlady. “Milan” täze tälimçisi Gattusonyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy.
* Russiýanyň çempionatynda Moskwa derbisinde “Spartak” SSKA-ny 3–0 ýeňdi. “Tosnony” myhmançylykda 3–1 hasabynda utan “Lokomotiw” 1-nji aýlawy 8 utuk aratapawudy bilen öňde tamamlady.