Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da Man­çes­ter der­bi­sin­de 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Si­ti” 17-nji tap­gyr­da myh­man­çy­lyk­da “Swan­si­niň” to­run­dan jo­gap­syz 4 pök­gi gi­riz­di. Şeý­le­lik­de, “Man­çes­ter Si­ti” 1888-nji ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Ang­li­ýa­nyň ýo­ka­ry li­ga­syn­da iň şow­ly baş­lan­gyç re­kor­dy­ny “Tot­ten­hem­den” al­dy. Ga­ly­ber­se-de, yz­ly-yzy­na ga­za­ny­lan 15-nji ýe­ňiş to­pa­ra başga bir tä­ze re­kord goý­dur­dy. Öň­ki re­kord 14 ýe­ňiş bi­len “Ar­se­na­la” de­giş­li­di. “Man­çes­ter Si­ti­niň” tä­lim­çi­si Pep Gu­ar­dio­la eý­ýäm 3-nji çem­pio­nat­da-da bu ugur­da re­kor­dy öz ady­na ge­çir­di. “La Li­ga­da” “Bar­se­lo­na” bi­len yz­ly-yzy­na 16 (ge­çen ýyl “Rea­lam” gaý­ta­la­dy), “Bun­des­li­ga­da-da” “Ba­wa­ri­ýa” bi­len 19 ýe­ňiş ga­za­nan Gu­ar­dio­la özü­niň us­sat­ly­gy­ny ýe­ne bir ýo­la su­but et­di.