Fran­suz­la­ryň aý­lyk fut­bol žur­na­ly “France Fo­ot­ball” ta­ra­pyn­dan 1956-njy ýyl­dan bä­ri gow­şu­ry­lyp ge­lin­ýän “Al­tyn top” baý­ra­gy­ny bu ýy­lam Kris­tia­no Ro­nal­do ga­zan­dy. Şeý­le­lik­de, “Re­al Mad­ri­diň” por­tu­ga­li­ýa­ly su­per ýyl­dy­zy 5-nji ge­zek bu hor­ma­ta la­ýyk gör­lüp, ol Lio­nel Mes­si bi­len deň­leş­di. 32 ýa­şyn­da­ky oýun­çy 2008-nji, 20013-nji, 2014-nji hem-de 2016-njy ýyl­lar­da “Bal­lon d’Or”-y eýe­läp­di. Bu ge­zek­ki ses ber­li­şik­de Lio­nel Mes­si we Neý­mar­dan öňe saý­la­nan Ro­nal­do ta­mam­la­nyp bar­ýan 2017-nji ýyl­da to­pa­ry­nyň “La Li­ga”, Çem­pi­on­lar li­ga­sy, UEFA Su­per Ku­bogy hem-de Is­pa­ni­ýa Su­per ku­bo­gy ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da esa­sy ro­ly oý­na­dy. Ro­nal­do aw­gust­da UEFA, okt­ýabr­da-da FI­FA ta­ra­pyn­da­n iň go­wy fut­bol­çy saý­la­nyp­dy. “France Fo­ot­ball” žur­na­ly­nyň 1959–2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Bal­lon d’Or” baý­ra­gy bi­len FI­FA-nyň 1991–2009-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da­ky “Dün­ýä­de ýy­lyň fut­bol­çy­sy” sy­la­gy 2010-njy ýyl­da bir­leş­di­ril­ipdi we “FI­FA Al­tyn top” ady bi­len ber­lip ug­ralyp­dy. Ýö­ne dür­li se­bäp­ler­den şä­rik­deş­lik ge­çen ýyl soň­lan­dy we baýraklar ýe­ne-de öň­kü­si ýa­ly gow­şu­ry­lyp baş­la­ndy.