Ga­da­gan edi­len mad­da­ny ula­nan­dygy üçin wagt­la­ýyn­ça ýa­ryş­la­ryn­dan çet­leş­di­ri­len ang­li­ýa­ly boks­çy Taý­son Fýu­ri­niň ring­le­re do­lan­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Bu ba­ra­da UKAD bi­len Fýu­ri yla­la­şy­ga gel­di. 29 ýaş­ly boks­çy bu ba­bat­da özü­niň ýal­ňyş­lyk goý­be­ren­di­gi­ni bo­ýun alyp­dy. Iki ýyl­lyk je­ri­me­si do­lup bar­ýan boks­çy ýe­ne-de ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp bi­ler. Kar­ýe­ra­sy bo­ýun­ça 25 tut­lu­şy­ga çy­kyp, äh­li­sin­de-de ýe­ňiş ga­za­nan Fýu­ri 2015-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­dan bä­ri du­şu­şyk ge­çir­enok. Ol şon­da Wla­di­mir Kliç­ko­ny ýe­ňip­di. Ge­çen ýyl­ky do­ping bar­lag­la­ryn­da iňlis boksçysynyň ga­da­gan edi­len mad­da­ny ula­nan­dy­gy aýan bo­lup­dy. Fýu­ri şon­dan soň, WBA we WBO çem­pi­on­lyk gu­şak­la­ry­ny yzyna tab­şy­ryp­dy.

Şu ýy­lyň tom­sun­da “Ya­hoo” şe­re­ke­ti­ni sa­tyn alan “Veri­zon” kom­pa­ni­ýa­sy Ame­ri­kan fut­bo­ly li­ga­sy­nyň (NFL) du­şu­şyk­la­ry­ny mo­bil ul­gam­da ýaý­ly­ma berer.  “Veri­zon” 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp, mu­nuň üçin 2 mil­liard 250 mil­li­on dol­lar tö­lär. Öňü­miz­dä­ki ýan­war aýyn­dan baş­la­bam, janköýerler NFL-iň du­şu­şyk­la­ry­na “Veri­zon”, “Ya­hoo” hem-de “go90” plat­for­ma­la­ry ar­ka­ly to­ma­şa edip bi­lerler. Du­şu­şyk­la­ra her aý 200 mil­li­on muş­dak to­ma­şa eder diý­lip çak­la­nyl­ýar. Şeý­le-de, 2020-nji ýy­la çen­li şe­re­ke­tiň bu plat­for­ma­lar­ arkaly duşuşyklardan 20 mil­liard dol­lar gir­de­ji ga­zan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Ýe­ňil at­le­ti­ka­nyň 100 (9,58 se­kunt) we 200 (19,19 se­kunt) metr ara­lyk­la­ra yl­ga­mak ugur­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä re­kor­dy­nyň eýe­si ýa­maý­ka­ly sprin­ter Usain Bol­tuň heý­ke­li otur­dyl­dy. 31 ýa­şyn­da­ky tür­ge­niň ýe­ňiş­den soň­ky be­gen­ýän pur­sa­dy­ny su­rat­lan­dyr­ýan heý­ke­li Ýa­maý­ka­nyň paý­tag­ty Kings­ton­da­ky Mil­li sta­dio­nyň öňün­de go­ýul­dy. Şu ýyl­ky dün­ýä çem­pio­na­tyn­dan soň, sport bi­len hoş­la­şan ro­wa­ýa­ty ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da 8, dün­ýä bi­rin­ji­lik­le­rin­de-de 11 al­tyn me­dal ga­zan­dy.

Be­la­rus­ly ten­nis­çi Wik­to­ri­ýa Aza­ren­ka möw­sü­miň il­kin­ji “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy bo­lan “Awst­ra­li­ýa Açy­ga” ýö­ri­te ça­ky­lyk (wild card) esa­syn­da gat­na­şar. Maş­ga­la ýag­da­ýy se­bäp­li “Wimb­le­don” bäs­le­şi­gin­den bä­ri ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp bil­me­ýän 28 ýaş­ly Aza­ren­ka hä­zir­ki wagt­da WTA-nyň sa­na­wyn­da 210-njy bel­gi­de bar­ýar. Ol 2012-nji we 2013-nji ýyl­lar­da “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” çem­pi­on bo­lup­dy. “Awst­ra­li­ýa Açyk” gel­jek ýy­lyň 15-nji ýan­wa­ry­na baş­lanar.