Ine, şu se­tir­ler bagt­ly ça­ga­ly­gyň ýur­dy bo­lan Ga­raş­syz, hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň bag­ty­ýar ça­ga­la­ry­nyň dil­le­ri­niň se­na­sy­na öw­rül­di. Ýur­du­my­zyň ýaş nes­li­niň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin uly ta­gal­la ed­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň sa­ýa­syn­da türk­men hal­ky ýe­ne-de san­ly­ja gün­ler­den tä­ze 2018-nji ýy­la ga­dam ba­sar­. Şu gün­ler tu­tuş ýur­du­my­zy tä­ze ýy­lyň şat­lyk-şow­hu­ny gur­şap al­dy. Ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de tä­ze ýyl ar­ça­la­ry otur­dyl­dy, şä­her­dir oba­la­ry­myz baý­ram­çy­lyk ly­ba­sy­na bü­ren­di.
Şat­lykly gün­ler­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň da­ba­ra­la­ry­na gat­na­şyp, ça­ga­lar bi­len baý­ram­çy­lyk şat­ly­gy­ny paý­laş­dy, şeý­le hem Olim­pi­ýa şä­herçesiniň çä­gin­de We­pa­ly ala­ba­ýyň heý­ke­li­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.
TÜRK­MEN HAL­KY­NYŇ
WE­PA­LY SYR­DA­ŞY
Mil­li Li­de­ri­miz, il­ki bi­len, paý­tag­ty­myz­da­ky tä­sin sport top­lu­myn­da We­pa­ly­nyň heý­ke­li­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.
We­pa­ly üç aý mun­dan ozal, Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň esa­sy şe­ki­li bo­lup, ýur­du­myz­da gu­ra­lan sport baý­ram­çy­ly­gy­na gat­naş­mak üçin ge­len köp­san­ly myh­man­la­ry gar­şy­la­dy we ug­rat­dy. Aş­ga­bat Azia­da­sy­nyň şe­ki­li bo­lan We­pa­ly, te­le­ýaý­lym­la­ryň üs­ti bi­len dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­ri­ne ýaý­ra­dy. Ýe­tip gel­ýän 2018-nji ýyl gün­do­gar se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça It ýy­ly ha­sap­la­nyl­ýar we ol üs­tün­li­ge hem-de aba­dan­çy­ly­ga bes­le­ner. Çün­ki köp müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da türk­men hal­ky­nyň we­pa­ly syr­da­şy bo­lan, güýç­li we ba­tyr ala­baý adam­la­ra we ola­ryň maş­ga­la­la­ry­na be­re­ket ge­tir­ýär di­ýen dü­şün­je bar.
Mun­dan baş­ga-da, ol he­mi­şe eder­men­li­giň, pug­ta er­kiň we be­lent ru­huň ny­şa­ny ha­sap­la­nyl­ýar. Hut şo­nuň üçin hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ala­baý “Aşgabat 2017”-niň esa­sy şe­ki­li hök­mün­de se­çi­lip alyn­dy. Bu hüş­gär go­rag­çy, gaý­duw­syz ha­sap­lan­ýan ala­baý ça­ga­lar üçin aý­ra­tyn mä­hir­li we ola­ryň we­pa­ly dos­tu­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra gat­naş­ýan kör­pe­ler bi­len gür­rüň­deş bo­lup, ola­ryň okuw­la­ry, haý­sy hü­nä­ri go­wy gör­ýän­dik­le­ri bi­len gy­zyk­lan­dy. Şeý­le hem ça­ga­la­ryň äh­li nu­ra­na ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bol­ma­gy­ny ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz kör­pe­ler bi­len bi­le­lik­de mil­li don we tel­pek geý­di­ri­len, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Azi­ýa Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň baý­dak­la­ry­ny sak­lap du­ran We­pa­ly­nyň heý­ke­li­niň ör­tü­gi­ni aç­ýan ýü­pi çek­di. Şeý­le­lik bi­len, ala­ba­ýyň heý­ke­li açyl­dy. It ýy­ly bo­lan, bi­ziň üçin bol­sa, ala­baý ýy­ly bo­lan Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan baý­ram­çy­lyk bi­len hem­me­le­ri gut­lap, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýer­den ug­ra­dy.

BAŞ AR­ÇA­MYZ ÇA­GA­LA­RA
ŞAT­LYK PAÝ­LA­ÝAR
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Älem” me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň ýa­nyn­da­ky meý­dan­ça gel­di, bu ýer­de kör­pe türk­me­nis­tan­ly­lar bi­len ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň uly Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­na gat­naş­dy. Kör­pe­ler we bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­na ta­rap bar­dy. Bu ýer­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­zi Aýaz­ba­ba we Gar­pa­myk, şeý­le hem gün­do­gar se­ne­na­ma­syn­da Ta­kyk ýy­ly bo­lan ta­mam­la­nyp bar­ýan ýy­lyň hem-de gel­jek­ki ýy­lyň baş ny­şa­ny ha­sap­lan­ýan Itiň keşp­le­ri­ni jan­lan­dy­ran ça­ga­lar gar­şy­la­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za baý­ram­çy­lyk my­na­sy­bet­li gut­lag söz­le­ri we iň go­wy ar­zuw­lar aý­dyl­dy.
Soň­ra be­lent baş­ly ar­ça­nyň tö­we­re­gin­de ýa­şa­jyk ar­tist­le­riň taý­ýar­lan çy­kyş­la­ry ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Baş ar­ça­nyň be­ýik­li­gi de­pe­sin­dä­ki se­kiz­ burç­ly ýyl­dy­zy­ny ha­sap­la­nyň­da 38 met­re go­laý­dyr. Köp­san­ly öw­şün at­ýan oý­na­waç­lar­dan we 2 müň met­re go­laý dür­li öwüş­gin­li yşyk­lar­dan dö­re­di­len be­zeg­ler hem­me­ler­de oňyn tä­sir gal­dyr­ýar.
Baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry­nyň do­wa­myn­da kör­pe­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň da­şyn­da gu­ral­ýan baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry­na go­şul­ma­gy­ny ha­ýyş et­di­ler. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ça­ga­la­ryň ha­ýy­şy­ny ka­bul edip, hem­me­le­riň sö­ýüp gar­şy­la­ýan baý­ram­çy­ly­gy­nyň şat­lyk-şow­hu­ny­na go­şul­dy.
Şeý­le hem bu ýer­de şat­lyk­la­ry­nyň çä­gi bol­ma­dyk ru­hu­be­lent ça­ga­la­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan baý­ram­çy­lyk sow­gat­la­ry gow­şu­ryl­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra gat­naş­ýan ça­ga­la­ryň ha­ýy­şy bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň ýa­nyn­da olar bi­len ýa­dy­gär­lik su­ra­ta düş­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz da­ba­ra gat­naş­ýan kör­pe­ler bi­len mä­hir­li hoş­la­şyp, baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry­nyň do­wam ed­ýän ýe­ri bo­lan ýur­du­my­zyň Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy­nyň ja­ýy­na ta­rap ug­ra­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de öz ag­tyk­la­ry bi­len bi­le­lik­de,Tä­ze ýyl baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Dür­li be­zeg­ler, köp öwüş­gin­li yşyk­lan­dy­ry­jy­lar ar­ka­ly gö­zel gör­nü­şe eýe bo­lan Tä­ze ýyl ar­ça­sy­nyň da­şyn­da joş­gun­ly çy­kyş­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Şeý­le hem bu ýer­de gu­ra­lan da­ba­ra ýur­du­my­zyň Mej­li­si­niň baş­ly­gy, hö­kü­met ag­za­la­ry we da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Olar hem bu çä­rä öz­le­ri­niň ça­ga­la­ry we ag­tyk­la­ry bi­len gel­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz kör­pe­le­ri we bar­ha ýa­kyn­la­şyp gel­ýän Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­la­ra gat­na­şy­jy­la­ry gut­la­dy we ýaş ne­sil­le­re bagt, go­wy oka­mak­la­ry­ny hem-de ýur­du­my­zyň my­na­syp ra­ýat­la­ry bo­lup, ýe­tiş­mek­le­ri­ni ar­zuw et­di.
Kör­pe­ler dün­ýä­niň dür­li dil­le­rin­de la­byz­ly goş­gu­la­ry oka­dy­lar we joş­gun­ly aý­dym­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di­ler. Olar sun­ga­tyň üs­ti bi­len dost-do­gan­ly­gy, tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri wasp et­di­ler. Mu­nuň özi da­ba­ra öz­bo­luş­ly öwüş­gin çaý­dy.
Ýa­şa­jyk türk­me­nis­tan­ly­lar bi­len da­şa­ry ýurt­ly dip­lo­mat­la­ryň ça­ga­la­ry­nyň bi­le­lik­dä­ki çy­kyş­la­ry, tu­tuş dün­ýä­niň ça­ga­la­ry­nyň sö­ýüp gar­şy­la­ýan Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ra­lan da­ba­ra­lar bi­len ut­gaş­dy.