20-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.
Mejlisiň başynda taraplar bilelikde geçirilen işleriň netijelerine garadylar we 2012-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Abu-Dabi şäherinde geçirilen birinji mejlisiň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi baradaky maglumaty diňlediler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda uzak möhlete niýetlenen meseleleriň köp böleginiň ýerine ýetirilendigi bellenip geçildi we kabul edilen çözgütleriň beýleki bir bölegi boýunça işleri dowam etdirmek zerurlygy nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky meselelere uly üns berdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.
Şeýle hem taraplar tebigy gazy gaýtadan işlemek, gazdan taýýar önümi çykarmak we olary dünýä bazarlaryna ýetirmek babatda hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.