Paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde ýaşlaryň arasynda geçirilýän “2017-nji ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri köpsanly teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň we ýörite emin agzalarynyň toparynyň beren seslerine laýyklykda kesgitlendi. Onuň düzüminde ýurdumyzyň saz we sahna ussatlary, estrada aýdymçylary we medeniýet işgärleri bar.
Bu çäre ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.
Bäsleşigiň birinji tapgyrynda bäsleşigi guraýjylar zehinli ýaşlaryň arasyndan has tapawutlananlary seçip aldylar. Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda ýaş ýerine ýetirijiler “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň sazly gepleşiklerinde giň tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular.
Maslahatlar köşgüniň Täze ýyl arçasy bilen bezelen sahnasynda zehinli ýaşlar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Tomaşaçylar we emin agzalary aýdym-sazlary diňläp, 2017-nji ýylyň estrada ýyldyzy diýlip atlandyrylmaga hukuk gazanmak ugrunda yhlas edýän ýaşlara öz seslerini berdiler.
Bellenen şertler boýunça ýerine ýetirilen çykyşlar tamamlanandan soň, ses sanamak çäresi başlandy. Onuň netijeleri boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen hormatly derejä ýaş ýerine ýetiriji Ahmet Atajanow mynasyp boldy.
Gran-pri baýragyndan başga-da, bäsleşikde birinji, ikinji we üçünji orunlar göz öňünde tutulup, bu orunlara degişlilikde, Azat Dönmezow, Leýli Ökdirowa hem-de Döwlet Amanlykow mynasyp boldular.