21-nji dekabrda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Baştutany S.A.Nyýazowy hatyralamak çäreleri geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Ilki bilen, milli Liderimiz paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähindäki Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül desselerini goýdy. Soňra çärä gatnaşyjylar gül desselerini goýdular. Bu çäre Garaşsyzlygyň berkarar edilmegine, özbaşdaklygyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine uly goşant goşan türkmen milletiniň ajaýyp ogluna halkymyzyň çuňňur hormat goýýandygynyň beýany boldy.
Ýadygärlige gül desseleri goýlandan soň, döwlet Baştutanymyz Gypjaga ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň baky aram tapan ýeri bolan kümmede bardy we merhumy hatyralap, gül dessesini goýdy. Milli Liderimiz çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýatlama gününiň bellenýändigini, şu mynasybetli sadaka berlip, aýat-töwir okalýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ägirt uly işleriniň halkyň hakydasynda ebedilik galjakdygyny belläp, milli Liderimiz onuň ýagty ýadygärligini hatyralap, açylan muzeýde S.A.Nyýazowyň geçen zähmet hem-de ömür ýoly barada gürrüň berýän milli gymmatlyklaryň saklanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň bitiren işleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de hatyra çäresine gatnaşýandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hökümet agzalary bilen Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hem-de onuň ýakynlarynyň baky aram tapan ýerine bardy. Bu ýerde hem merhumlaryň hatyrasyna aýat-töwir okaldy.
Döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, ýurdumyzyň ilkinji ýolbaşçysy S.A.Nyýazowyň muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ajaýyp döwlet işgäri barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, metjide tarap ugrady. Ýaş nesilleri gadymy däp-dessurlara hormat goýmak, asyllylyk, ýokary ahlaklylyk hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşulularyň mynasyp ornuny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň möhümdigi barada aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady. Çäre tamamlanan soň, milli Liderimiz hatyra dessuryna gatnaşandyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.
Gadymy milli däplere eýerilip, hormatly Prezidentimiziň adyndan Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşen Türkmenbaşy metjidiniň ýanyndaky sadaka dessurlaryny geçirmek üçin niýetlenen desgada Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna sadaka berlip, aýat-töwir okaldy.