Ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli paýtagtymyzda Russiýa Federasiýasynyň sirk artistleriniň çykyşlary başlandy. Olar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam etmeginde guralýar.
Myhmanlaryň çykyşlary “Ýeňijilere şöhrat!” diýlip atlandyrylýar. Çünki oňa öz işiniň ussatlary gatnaşýarlar.
Sirk sungatynyň ussatlarynyň tomaşaçylara hödürleýän çykyşlary žanrlarynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Sirk maksatnamasynda täsinligiň asyrlar boýy dowam edip gelýän däpleri hem-de häzirki zaman sirk çykyşlaryna mahsus bolan özboluşly täzelikleri sazlaşykly utgaşýar. Aşgabatda dürli öwüşginli sirk çykyşlarynyň çäklerinde daşary ýurtly myhmanlaryň şüweleňleri türkmen tomaşaçylary üçin, aýratyn-da, gyşky dynç alyş günlerinde çagalar üçin ajaýyp sowgatdyr. Russiýanyň meşhur artistleriniň baýramçylyk çykyşlary 17-nji dekabrdan 14-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda dowam eder.