Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän hem-de dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlar sebit hyzmatdaşlygy üçin uly ähmiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk hem-de durmuş ugurlaryny öz içine alýan halkara başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar duldeşgir goňşumyz Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetini dikeltmek üçin wajyp bolup durýar. Şeýle taslamalaryň hatarynda ilkinji nobatda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisidir.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň dekabrynda TOPH gaz geçirijisiniň türkmen bölegindäki gurluşygyna badalga berildi. Bu gaz geçirijiniň umumy uzynlygy, takmynan, 1814 kilometre deň bolup, onuň 214 kilometri Türkmenistanyň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri bolsa, Pakistanyň çäginden geçip, ol Hindistanyň Fazilka atly ilatly nokadyna ýetiriler. Gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kubmetr tebigy gaza deň bolar.
Bu transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy bellenen tertipde dowam etdirilýär. Häzirki wagtda bu taslamanyň ilerledilmegi hem-de Owganystan Yslam Respublikasyndaky hem-de Pakistan Yslam Respublikasyndaky bölekleriniň gurluşygyna girişmek babatda köp işler durmuşa geçirilýär.
Milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde bolan bu taslama şu ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ak mermere beslenen paýtagty Aşgabatda geçirilen köp sanly halkara derejesindäki maslahatlarda ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyny (RECCA) hem-de Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Energetika Hartiýasy Konferensiýasynyň 28-nji mejlisinde giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu iri forumlarda edilen çykyşlarda uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebiti we gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, şeýle hem energiýa serişdeleriň eksportunyň möçberlerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli energetika syýasatyny durmuşa geçirýändigi bellenip geçildi. Türkmenistan uglewodorod serişdelerini halkara bazarlaryna ygtybarly ugratmagy durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde görýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu taslama oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösüşine kuwwatly itergi berer we parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegini şertlendirer. Bu taslamanyň ýany bilen kuwwaty 500 kWt bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşygy alnyp barlar. Bu iri taslamalar Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek bilen çäklenmän, eýsem köp sanly bähbitli taraplary hem öz içine alýar. Bilermenleriň deslapky käbir maglumatlaryna görä, TOPH gaz geçirijisi her ýyl Owganystanyň döwlet býujetine tebigy gazy üstaşyr geçirýändigi üçin bir milliard dollar girdeji gazanmagyna hem-de owgan halky üçin 12 müňden gowrak täze iş ornunyň döredilmegine goşant goşar.
TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropa abatlaýyş we ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, Saud ösüş gaznasynyň hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň wekilleriniň gyzyklanma bildirmegi taslamanyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.
Halkara energetika giňişliginde ýakyn ýyllarda öz mynasyp ornuny eýelejek bu gaz geçirijisi diňe bir ykdysady taýdan däl, syýasy taýdan hem bähbitleriň utgaşýan ýeridir. Şonuň üçin taslama gatnaşýan ýurtlar tarapyndan bu taslama aýratyn uly gyzyklanma bildirilmegi öz-özünden düşnüklidir.
Ahmet Ymamkuliýew,
Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy
akademiýasynyň diňleýjisi.