Ynsanyýet ataşyň hem dost, hem kömekçi bolup biljekdigini, ýöne onuň weýran ediji güýje eýedigini hiç haçan ünsden düşürmändir. Biziň eýýamymyzdan kän öň, dünýäniň köp ýurtlarynda ýangyn söndüriji toparlar işläpdir. Gadymy Rimde şäheri goramak maksady bilen, şeýle toparlar bolupdyr. Rimlileriň ýangyn söndürmäge niýetlenen ilkinji yzygiderli suw pürkýän serişdäni oýlap tapandygy barada taryhy maglumatlarda bellenip geçilýär. Rim ýangyn söndürijileri palta, bedre, merdiwan we gadalga ýaly dürli serişdeleri ulanypdyrlar. Ýangyn söndüriji toparlar orta asyrlarda-da dünýäniň käbir ýurtlarynda bolupdyr, ýöne olaryň täsiri onçakly uly bolmandyr.
Ilkinji ýangyn söndüriji topar Angliýada peýda bolýar. Ýurtda ýangyndan goramak boýunça ätiýaçlandyryş kompaniýalary ýola goýulýar. 1722-nji ýylda şunuň ýaly ilkinji toparyň, soňra beýlekileriň döränligi barada maglumatlar bar. Ätiýaçlandyryş kompaniýalary diňe ätiýaçlandyran binalaryna aýratyn ýangyn belliklerini goýup, beýleki binalar barada onçakly alada etmändirler. Şondan soň, 1833-nji ýylda London şäherinde doly guramaçylykly işleýän ýangyn söndüriji ulgam döredilýär. Dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýerli häkimiýetler tarapyndan uly we kiçi şäherlerde ýangyn söndüriji toparlar döredilýänçä, ýaşaýjylaryň özleri meýletin ýangyn söndüriji toparlary gurapdyrlar. Şu günki günde hem ýangyn bilen göreşe meýletinçiler toparlary goşulyp, bu apatyň öňüni almakda uly iş bitirýärler.
Taýýarlan Akja Dinmädowa,
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünar okuw mekdebinin mugallymy.