Häzirki wagtda ýangyn söndüriji toparyny çagyrmagyň, olara habar bermegiň serişdeleri köpdür. Ýangyn dörän halatynda, ilkinji bilen, haýal etmän, Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugyna öý telefonlary arkaly 01, el ykjam telefonyndan bolsa, 001 belgä habar bermeli we şol birwagtyň özünde, esasan hem, agşam çagy ýangyn söndüriji toparlary garşylamak üçin hem-de ýangynyň dörän ýerine barylýan iň gysga, amatly ýoly görkezmek üçin, bir adam ugratmaly. Öz güýçlerini we ýangyn söndüriji serişdelerini ulanyp, ýangyny söndürmegiň çäresini görmeli, şeýle hem ýangyn barada daş-töwerege habar bermeli, jaýyň içinde galan adamlaryň halas edilmegini guramaly.
Ýangyn söndüriji topar gelýänçä, ýangynyň ýaýramagyna päsgelçilik döretmek üçin, jaýyň gapysyny we penjiresini berk ýapmaga synanyşmaly. Eger-de ýangyn çendenaşa güýjäp, jaýdan çykmaga mümkinçilik bermese, onda şol jaýyň heniz ýanyp başlamadyk otagyna girmeli we gapysyny berk ýapmaly. Soňra penjireden çykmaga synanyşmaly, daş-töwerekdäki adamlary ýa-da ýangyn söndürijileri kömege çagyrmaly. Dem almagy ýeňilleşdirmek üçin elýaglygy ölläp, dem alyş ýollaryny ýapmaly. Ine, esasan, şular ýaly borçlar ýerine ýetirilse, hiç hili howply ýagdaýlar ýüze çykmaz.
Gurbandurdy Awdylow,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň
Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 102-nji
harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk
bölüminiň başlygy, içerki gullugyň maýory.