Hy­ta­ýyň azyk önüm­le­ri dü­ka­ny­nyň iş­gär­le­ri uzyn­ly­gy 3 ki­lo­metr 84 met­re ba­ra­bar bo­lan ma­ka­ron taý­ýar­la­dy­lar we bu ugur­da­ky 548 metr uzyn­ly­gyn­da­ky re­kor­dy tä­ze­le­di­ler. Bu wa­ka Hy­ta­ýyň He­nan we­la­ýa­ty­nyň Nan­ýan şä­he­rin­de bo­lup geç­di. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň ag­za­la­ry bu ugur­da­ky re­kor­dy tas­syk­la­dy­lar. “Xiang­ni­an Fo­od Co.” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­gär­le­ri­ne bu ma­ka­ro­ny taý­ýar­la­mak üçin 40 ki­log­ram un hem-de 600 gram duz ge­rek bol­dy. Aş­pez­ler ma­ka­ro­ny ýaý­mak üçin 17 sa­gat, ony çyz­gyç bi­len öl­çe­mek üçin bol­sa 3 sa­gat sarp et­di­ler. 3 ki­lo­metr­lik ma­ka­ro­nyň ag­ra­my 66 ki­log­ra­ma deň bol­dy.
Ma­ka­ro­ny taý­ýar­la­mak aş­pez­le­re ýe­ňil düş­me­di. Se­bä­bi ýa­ýy­lan ha­my­ry üz­män 3 ki­lo­met­re­lik uzyn­ly­ga ýe­ti­rip, re­kor­dy goý­mak ba­şart­dy. Üzü­len bö­lek­le­ri­ni tä­ze­den bir­leş­dir­mek ga­da­gan­dy. Taý­ýar­la­nan hem-de öl­çe­nen ma­ka­ron­dan 400 adam­lyk unaş taý­ýar­lan­dy. Ol hem kär­ha­na­nyň iş­gär­le­ri­ne, çä­rä gat­na­şan myh­man­la­ra hö­dür edil­di. Bu re­kord Hy­taý­da aý ha­sa­by­na gö­rä, 9-njy aýyň 9-njy gü­ni bel­le­nil­ýän ýa­şu­lu­lar gü­nü­ne ba­gyş­lan­dy. Unaş gün­do­gar ýurt­la­ryn­da uzak ýa­şa­ma­gyň ny­şa­ny ha­sap­lan­ýar.