2018-nji ýylyň güýzünde sesiň çaltlygyndan hem ýokary tizlige eýe bolan “Bloodhound Supersonic Car” awtoulagyny ikinji gezek synagdan geçirmek göz öňünde tutulýar. Metbugat habarlaryna görä, Günorta Afrika Respublikasynda bu ulagyň tizligini sagatda 805 kilometre ýetirmek meýilleşdirilýär. Işläp düzüjiler munuň üçin ulagyň tekerini alýuminden edip, bir minutda 10,2 müň aýlaw etmegini gazanmagy meýilleşdirilýär. Eger ikinji synag tapgyry şowly geçen halatynda 2019-njy ýylda ulagyň tizligini sagatda 800 mile (takmynan, 1287 km/s) ýetirmek maksat edinilýär. Soňra bolsa täze dünýä rekordyny gury ýerde ulagyň tizligini 1000 mile ýetirmekçi bolunýar. Häzirki wagtda bu ulag “Rolls-Royce” reaktiw hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. Onuň hereketlendirijisiniň kuwwaty 133 müň 151 at güýjüne deňdir.