Yz­ly-yzy­na 4-nji ge­zek çem­pi­on bo­lan “Al­tyn asyr” to­pa­ry tä­ze möw­süm­de AFK Ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da “D” to­par­ça­da çy­kyş eder. Türk­me­nis­ta­nyň ku­bo­gy­nyň eýe­si hem-de wi­se-çem­pi­on “Ahal” bol­sa, saý­la­ma tap­gy­ry­na gat­na­şar. “Al­tyn asyr” to­pa­ry “D” to­par­ça­da Tä­ji­gis­ta­nyň çem­pio­ny “Is­tik­lol”, Gyr­gy­zys­ta­nyň çem­pio­ny “Alaý Oş” klub­la­ry bi­len du­şu­şar. “Al­tyn asyr” ge­çen ýy­lam “D” to­par­ça­da çy­kyş edip, “Is­tik­lol”, “Alaý Oş” hem-de “Dor­doý” klub­la­ry bi­len güýç sy­na­ny­şyp­dy. 6 oýun­da 13 utuk top­lan “Al­tyn asyr” to­par­ça­da ikin­ji ýe­ri eýe­läp­di.
“AHAL” SAÝ­LA­MA
TAP­GY­RYN­DAN BAŞ­LAR
Bu to­par­ça­da­ky 4-nji to­par saý­la­ma tap­gyr­la­ryn­dan soň bel­li bo­lar. Saý­la­ma tap­gy­ryn­da-da “Ahal” bi­len Gyr­gy­zys­ta­nyň ku­bo­gy­ny eýe­län “Dor­doý” öza­ra güýç sy­na­ny­şar. Bu tap­gy­ryň ýe­ňi­ji­si-de pleý-off tap­gy­ryn­da Tä­ji­gis­ta­nyň ku­bo­gy­ny eýe­län “Hu­jand” bi­len du­şu­şar. “Ahal” bi­len “Dor­do­ýyň” ara­syn­da­ky 1-nji du­şu­şyk 23-nji ýan­war­da Biş­kek­de, jo­gap oý­ny-da 30-njy ýan­war­da ýur­du­myz­da oý­na­lar. Pleý-off tap­gy­ry­nyň du­şu­şyk­la­ry-da 13–20-nji few­ral­da ge­çi­ri­ler.
15-nji ge­zek ge­çi­ril­ýän AFK Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň to­par­ça­da­ky oýun­la­ry Gün­ba­tar Azi­ýa we ASEAN zo­lak­la­ryn­da 12-nji few­ral­da, Or­ta Azi­ýa, Gü­nor­ta Azi­ýa hem-de Gün­do­gar Azi­ýa zo­lak­la­ryn­da-da 6-njy mart­da baş­lan­ýar. Bil­şi­ňiz ýa­ly, Azi­ýa fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy (AFK) ge­çen möw­süm­den baş­lap bu ýa­ry­şy zo­lak­la­ra böl­di. 5 zo­la­ga de­giş­li 7 to­par­ça bo­lup, kä­bi­rin­de diňe 1-nji, kä­bi­rin­de-de 1–2-nji ýe­ri alan­lar ýa­ry­şy do­wam et­di­rýär. AFK Ku­bo­gy­nyň şu ýylky fi­na­ly 27-nji okt­ýabr­da oý­na­lar. Ge­çen möw­süm­ki fi­nal­da Yra­gyň “Al-Ku­wa Al-Ja­wi­ýa” to­pa­ry bi­len Tä­jigis­ta­nyň “Is­tik­lo­ly” du­şu­şyp­dy. Ne­ti­je­de, 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan yrak­ly­lar yz­ly-yzy­na 2-nji ku­bo­gy­ny as­ma­na gal­dy­ryp­dy­lar. Ýur­du­my­zyň adyn­dan we­kil­çi­lik et­jek “Al­tyn asyr” hem-de “Ahal” to­par­la­ry­na bu hal­ka­ra bäs­le­şik­de uly üs­tün­lik­ler ar­zuw ed­ýä­ris.

Ata ÝAZYÝEW,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň talyby.