Tamamlanyp barýan UEFA-nyň klub ýaryşlarynda ýarym final duşuşyklarynyň 1-nji oýunlary geçirildi. Geçirilen 4 oýunda jemi 6 gol hasaba alnyp, 2 bäsleşikde-de finala çykjaklar jogap oýunlaryndan soň belli bolar. UEFA Çempionlar ligasynda 4 toparyň 2-si entek ýeňiji bolup görmändi. Şolaryň biri bolan “Mançester Siti” öz meýdançasynda “Real Madridi” kabul etdi. Oýun dartgynly bolsa-da, 2 topara hem hasaby açmak başartmady. Duşuşygyň iň ýatda galan pursatlarynyň birinde “Realyň” goragçysy Pepe golaý aralykdan topy derwezä dürs urup bilmedi. Netijede, oýun 0–0 hasabynda deňme-deň gutardy we ispan topary jogap oýny üçin az-owlak mümkinçilige eýe boldy. Oýunda “Real Madridiň” super ýyldyzy Ronaldonyň şikesi sebäpli oýnamandygyny hem ýatladýarys.
Ertesi günki duşuşykda kubogy alyp görmedik “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Bawariýa” bilen duşuşdy. Iki toparyň mundan 42 ýyl ozal, şu ýaryşyň finalynda duşuşandygyny belläsimiz gelýär. Şonda 2 topar 1–1 hasabynda deňme-deň oýnapdy. Şol wagtky düzgüne laýyklykda oýun täzeden oýnaldy we onda “Bawariýa” garşydaşyny 4–0 hasabynda utupdy. Bu gezekki oýna ýer eýeleri erjellik bilen başlady. Eýýäm 11-nji minutda Saul Niguez 3–4 oýunçyny aldap, owadan urgy bilen hasaby açdy. Bu duşuşykdaky ýeke gol boldy. Oýnuň dowamynda Dawid Alabanyň uzakdan uran urgusy hem-de Fernando Torresiň depen pökgüsi sütünden yzyna gaýtdy.
Jogap oýunlary 2–3-nji maýda geçiriler. Sişenbe güni “Bawariýa”–“Atletiko”, çarşenbe güni-de “Real Madrid”–“Mançester Siti” duşuşyklary oýnalar.
UEFA Ýewropa ligasynda Çempionlar ligasyna garanyňda, gollurak geçdi. Kubogyň soňky eýesi “Sewilýa” myhmançylykda “Şahtýor” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 2–2 hasabynda deňlikde tamamlandy. 6-njy minutda Witolo bilen öňe saýlanan myhmanlar 23-nji minutda Marlosyň, 36-njy minutda-da Stepanenkonyň gollaryna çäre tapyp bilmedi. Soňlugy bilen “Şahtýor”, aýratynam, 1-nji ýarymda diýseň şowly oýun görkezdi. Ýöne olara hasaby artdyrmak başartmady. Duşuşygyň tamamlanmagyna 8 minut galanda, Kewin Gameiro bellenen penaltini dürs ýerine ýetirip, toparynyň öýüne final ugrunda uly mümkinçilik bilen dolanmagyna saldamly goşant goşdy.
Beýleki ýarym finalda “Willarreal” “El Madrigalda” “Liwerpuly” kabul etdi. Taryhy duşuşykda “Borussiany” ýeňen Ýürgen Kloppuň şägirtleri amatly pursatlardan peýdalanyp bilmedi. Duşuşygyň iň soňky minutlarynda, has takygy, 90+2-nji minutda goragçylaryň ýalňyşlygy “Liwerpul” üçin gowy bolmady. Denis Suaresiň pasyny alan Adrian Lopeze topy boş derwezä girizäýmek galdy. Soňky sekuntlarda gelen gol iňlis klubunyň keýpini gaçyrsa-da, olaryň nähili oýun görkezip bilýändigine, iň bolmanda çärýek finalda hemmämiz tomaşa edipdik. Jogap oýunlary 4-nji maýda, penşenbe güni oýnalar.