Gand­bol bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da Ger­ma­ni­ýa­da ge­çi­ri­len 23-nji dün­ýä çem­pio­na­tyn­da Fran­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy çem­pi­on bol­dy. Ham­burg­da­ky “Barclaycard Are­na­da” oý­na­lan fi­nal örän çe­ke­le­şik­li ge­çip, fran­si­ýa­ly gyz­lar mun­dan öň­ki ýa­ry­şyň çem­pio­ny Nor­we­gi­ýa­ny 23:21 ha­sa­byn­da ýeň­me­gi ba­şar­dy. Du­şu­şyk­da Fran­si­ýa­dan Ma­non Ho­ut bi­len Al­li­son Pi­nea 4 gol­dan ge­çi­rip, iki­si-de to­pa­ry­nyň ýeň­şi­ne uly go­şant goş­dy. Nor­we­gi­ýa­nyň dü­zü­min­den We­ro­ni­ka Kristian­sen bi­len No­ra Mor­kuň her­si­niň aý­ra­tyn­lyk­da ge­çi­ren 7 pök­gü­si skan­di­naw­la­ra ýe­ňiş üçin ýe­ter­lik bol­ma­dy. Şun­luk­da, Fran­si­ýa­nyň gyz­lar to­pa­ry ta­ry­hyn­da 2-nji ge­zek dün­ýä­niň çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­di. Olar mundan ozal, 2003-nji ýyl­da Hor­wa­ti­ýa­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­da fi­nal­da Weng­ri­ýa­ny utup­dy. Çem­pio­na­tyň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, fi­nal­çy Nor­we­gi­ýa­dan Sti­ne Bre­dal Of­te­dal saý­lan­dy. Onuň 66 gol ge­çi­ren to­par­da­şy No­ra Mork ýaryşyň iň ne­ti­je­li oýun­çysy bol­dy.
Il­kin­ji­si 1957-nji ýyl­da gu­ra­lan ýa­ryş 1993-nji ýyl­dan bu­ýa­na her 2 ýyl­dan bir ge­zek ge­çi­ril­ýär. Hä­zi­re çen­li ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­nat­la­ryn­da Rus­si­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 7 çem­pi­on­lyk ga­za­nyp, bu ugur­da bi­rin­ji ha­tar­da bar­ýar (3-si öň­ki SSSR bi­len). Nor­we­gi­ýa­nyň hem-de ozal­ky Gün­do­gar Ger­ma­ni­ýa­nyň 3 çem­pi­on­ly­gy bar.
Şu ýy­lyň ba­şyn­da Fran­si­ýa­da ge­çi­ri­len er­kek­le­riň ara­syn­da­ky dün­ýä çem­pio­na­ty hem edil gyz­la­ryň ara­syn­da­ky ýa­ryş ýa­ly ne­ti­je­len­di. Ýag­ny şol bäs­le­şik­de-de Fran­si­ýa çem­pi­on bo­lup, olar fi­nal­da Nor­we­gi­ýa­dan üs­tün çy­kyp­dy.