Rus­si­ýa­ly boks­çy, agyr ag­ra­myň us­sa­dy, Olim­pi­ýa çem­pio­ny Alek­sandr Po­wet­kin özü­niň no­bat­da­ky tut­lu­şy­gy­ny ru­my­ni­ýa­ly Kris­ti­an Ham­mer bi­len ge­çir­di. Ýe­ka­te­rin­burg şä­he­rin­de ge­çi­ri­len boks ag­şa­myn­da Po­wet­kin 30 ýaş­ly gar­şy­da­şy­ny 12 raund­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Ol 3 emi­niň-de ma­kul­la­ma­gy ne­ti­je­sin­de (120:108, 119:109, 120:107) kar­ýe­ra­syn­da­ky 33-nji ýeň­şi­ni ga­zan­dy (23-si no­ka­ut bi­len). Bu onuň 34-nji tut­lu­şy­gy bo­lup, ol hä­zi­re çen­li bir du­şu­şyk­da ýe­ňil­di. 38 ýa­şyn­da­ky boks­çy di­ňe 2013-nji ýyl­da Wla­di­mir Kliç­ko­dan as­gyn ge­lip­di. Şeý­le­lik­de, Hammeri ýeňmeginden soň, Po­wet­kin “WBO In­ter­na­tio­nal” gu­şa­gy­ny go­ra­dy, şol bir­wag­tyň özün­de-de “WBA In­ter-Con­ti­nen­tal” gu­şa­gy­ny ga­zan­dy.
Ga­ly­ber­se-de, Po­wet­kin bi­len ang­li­ýa­ly boks­çy En­to­ni Jo­şua­nyň öňü­miz­dä­ki to­mus­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da tut­lu­şyk ge­çir­me­gine garaşylýar. Hä­zir­ki wagt­da ta­rap­lar bu ba­bat­da ýo­ka­ry de­re­je­de gep­le­şik­ler ge­çir­ýär. Eý­ýäm­den boks muş­dak­la­ryn­da uly gy­zyk­lan­ma dö­re­den bu tut­lu­şy­gyň ge­çi­ri­lip-ge­çi­ril­me­jek­di­gi öňü­miz­dä­ki gün­ler­de res­mi ýag­daý­da ha­bar ber­ler.