Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2017-nji ýyl­da ýe­ne bir ýyl­dyz süýn­di. “Al­tyn top” baý­ra­gy­ny Mes­si we Ro­nal­do­dan baş­ga alan fut­bol­çy­la­ryň iň soň­ku­sy Ri­kar­do Izak­son dos San­tos Lei­te, has ta­nal­ýan ady Ka­ka pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 35 ýa­şyn­da­ky bra­zi­li­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy soň­ky sa­par ABŞ-nyň “Or­lan­do Si­ti” klu­bun­da çy­kyş ed­ýär­di. 2001-nji ýyl­da pro­fes­sio­nal kar­ýe­ra­sy­na ýur­du­nyň “Sao Pau­lo” to­pa­ryn­da baş­lan Ka­ka 2003-nji ýyl­da “Mi­la­na” trans­fer bol­dy. Ol bu to­par­da “Se­rie A-da”, Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da, UEFA Su­per Ku­bo­gyn­da, FI­FA klub­lar Dün­ýä Ku­bo­gyn­da çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. 2009-njy ýyl­da re­kord ba­ha “Re­al Mad­ri­de” ge­çen Ka­ka bu to­par­da ga­ra­şyl­ýan oý­ny gör­ke­zip bil­me­di. Mad­rid­li­ler bi­len “La Li­ga­da” hem-de “Ko­pa del Reý­de” 1 ku­bo­gy ýo­ka­ry gal­dy­ran bra­zi­li­ýa­ly oýun­çy 2013-nji ýyl­da ýe­ne-de “Mi­la­na” do­lan­dy. 1 ýyl­dan so­ňam ABŞ-nyň tä­ze klub­la­ryn­dan “Or­lan­do Si­ti” bi­len şert­na­ma bag­laş­dy. 2014-nji ýyl­da ýa­rym möw­süm­lik il­kin­ji to­pa­ry “Sao Pau­lo­da” hem çy­kyş eden Ka­ka Bra­zi­li­ýa­nyň dü­zü­min­de 92 oýun­da 29 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Ol 2002-nji ýyl­da Bra­zi­li­ýa bi­len Dün­ýä Ku­bo­gy­ny-da ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 2 ça­ga­nyň ka­ka­sy Ka­ka fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da 3 uly ba­şar­ny­gy – “Al­tyn to­py” (şah­sy), Çem­pi­on­lar li­ga­sy (klub­da) hem-de Dün­ýä Ku­bo­gy­ny (mil­li to­par­da) ga­za­nan 8 fut­bol­çy­nyň bi­ri­dir. Ka­ka klub kar­ýe­ra­syn­da 654 oýun­da 208 gol ge­çir­di.