Russiýaly ozalky tennisçi Anna Kurnikowanyň ekiz bäbegi dünýä indi. 36 ýaşyndaky Kurnikowa bilen ýanýoldaşy, ispaniýaly meşhur aýdymçy Enrike Iglesias bu barada özleriniň şahsy sosial media sahypasy arkaly habar berdi. Köp wagtdan bäri Maýamide bilelikde ýaşaýan Kurnikowa–Iglesias jübüti biri oglan, biri gyz ekiz bäbeklerine degişlilikde, Nikolas hem-de Lýusi diýip at goýdy. 1995–2007-nji ýyllar aralygynda professional derejede tennis oýnan Kurnikowa WTA-nyň sanawynda 8-nji orna çenli beýgelipdi. Ol 1997-nji ýylda “Wimbledonda” ýarym finala çykypdy.