Şot­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da “Sel­tik” to­pa­ry myh­man­çy­lyk­da “Harts­dan” (“Hart of Mid­lo­ti­an”) 4–0 as­gyn ge­lip, li­ga­da 56 oýun­dan soň utul­dy. To­par Şot­lan­di­ýa­nyň çem­pio­na­ty­ny hem-de ku­bok ýa­ryş­la­ry­ny go­şa­nyň­da, 69 du­şu­şyk­dan soň, il­kin­ji ge­zek ýe­ňil­di. “Sel­tik” Şot­lan­di­ýa­nyň bäs­le­şik­le­rin­de iň soň­ky sa­par 2016-njy ýy­lyň 11-nji ma­ýyn­da “Sent Jons­ton­dan” 2–1 utu­lyp­dy. Şeý­le-de “Sel­tik” çem­pio­nat­da­ky öz re­kor­dy­na 3 du­şu­şyk ga­lan­da, utu­lyp, ony tä­ze­läp bil­me­di. Olar mun­dan öň 1914–1917-nji ýyl­lar­da çem­pio­nat­da yz­ly-yzy­na 62 du­şu­şyk­da ýe­ňil­män Şot­lan­di­ýa­nyň, hatda, B. Britaniýanyň re­kor­dy­ny go­ýup­dy. Eý­sem, fut­bo­lyň iň ösen yk­ly­my Ýew­ro­pa­da uzak wagt­lap ýe­ňil­mez­lik re­kor­dy haý­sy klu­ba de­giş­li­kä?

“Stýaua” (Ru­my­ni­ýa) – 104 oýun (1986–1989)

Ýew­ro­pa­da bu re­kord Ru­my­ni­ýa­nyň iň meş­hur, iň ba­şar­nyk­ly to­pa­ry “Stýaua” de­giş­li bo­lup, bu­ha­rest­li­ler 1986–1989-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da 104 du­şu­şy­gy ýeň­liş­siz ta­mam­la­dy. Eý­sem bu di­ňe bir Ýew­ro­pa­nyň däl, dün­ýä­niň-de re­kor­dy ha­sap­lan­ýar. 1980-nji ýyl­la­ryň 2-nji ýa­ry­my hä­zir­ki wagt­da res­mi ady “FCSB” diý­lip üýt­ge­di­len “Stýaua” to­pa­ry­nyň iň ba­şar­nyk­ly ýyl­la­ry diýlip görkezilýär. Bö­lö­ni, Be­lo­de­di­çi, Le­ke­tuş, Pi­sur­ke, Ba­lint ýa­ly ýyl­dyz­lar bi­len 1986-njy ýyl­da Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da ýe­ňi­ji bo­lan klub şol ýy­lyň iýu­nyn­dan 1989-njy ýy­lyň sent­ýab­ry­na çen­li çem­pio­nat­da 104 du­şu­şyk­da ýe­ke sa­pa­ram utul­ma­dy. Çem­pi­on­lar li­ga­syn­da 1988-nji ýyl­da ýa­rym fi­na­la, 1989-njy ýyl­da-da fi­na­la çy­kan “Stýaua” de­giş­li dö­wür­de Ru­my­ni­ýa­nyň Ku­bo­gy ýa­ry­şy­ny-da ha­sa­ba ala­nyň­da, 119 oý­ny ýeň­liş­siz ta­mam­la­dy.