Iki hep­de öň, Mon­te Kar­lo “Mas­ters” ýa­ry­şyn­da ýe­ňi­ji bo­lan Ra­fa­el Na­dal kem-kem­den özü­ni dür­seýär. Top­rak meý­dan­ça­nyň ägir­di ha­sap­la­nyl­ýan Na­dal öz ýur­dun­da ge­çi­ri­len “Bar­se­lo­na Açyk” ten­nis ýa­ry­şyn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Is­pa­ni­ýa­ly ten­nis­çi fi­nal­da “Bar­se­lo­na Açy­gyň” soň­ky 2 ýy­ly­nyň çem­pio­ny, 6-njy bel­gi­dä­ki ýa­po­ni­ýa­ly Kei Ni­şi­ko­ri bi­len du­şuş­dy. 2 sa­gat 5 mi­nut­lap do­wam eden fi­na­lyň 1-nji se­tin­de 6–4, 2-nji se­tin­de 7–5 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan Na­dal Bar­se­lo­na­da­ky 9-njy çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Kar­ýe­ra­syn­da­ky 69-njy ATP ku­bo­gy­ny as­ma­na gö­te­ren Na­dal bu ýer­de iň soňky sapar 3 ýyl öň fi­nal­da wa­tan­da­şy Ni­ko­las Al­mag­ro­ny utup­dy. Top­rak kort­da­ky 49-njy ýeň­şi­ni baý­ram eden 29 ýaş­ly Ra­fa­el Na­dal bu ugurda ar­gen­ti­na­ly Gil­ler­mo Wi­la­syň re­kor­dy­na şä­rik bol­dy.