Adalat köşgünde “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guraldy.
Maslahata daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Ylymlar akademiýasynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri, ministrlikleriň we pudak edaralaryň hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň Gutlag hatyny aýratyn ruhubelentlik bilen diňlediler. Milli Liderimiz öz Gutlagynda ýurdumyzyň döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelerine esaslanmak bilen döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýýar hem-de raýat edaralaryny ösdürýär diýip belleýär.
Türkmenistanda Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda hukuk ulgamynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň energiýa howpsuzlygy we ulag ulgamy boýunça kabul eden Kararnamalary, şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilen ýene bir täze resminama – “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýa ýurdumyzyň halkara hukugyny ösdürmäge goşýan goşandynyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň biziň ýurdumyzdaky wekili Witaliý Wremiş maslahatyň barşynda eden çykyşynda BMG-niň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kadalarynyň adamlaryň deňligini kepillendirýändigini, olaryň hukuklaryny we erkinliklerini oňlaýandygyny nygtady.
Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň baştutany Natalýa Drozd saýlaw ulgamynyň, hukuk institutlarynyň we milli kanunçylygynyň häzirki ýagdaýy Türkmenistanyň saýlaw işleriniň kämilleşdirilmegine, adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berkidilmegine, olary halkara kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen anyk işlerini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär diýip nygtady.
Maslahatda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili adam hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri hem-de milli tejribäniň we halkara kadalarynyň sazlaşygy meseleleri boýunça çykyş etdi. Soňky ýyllarda ýaş alymlaryň demokratiýa we hukuk babatda ylmy barlaglara gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigi nygtaldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler we duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirdiler. Ýüzlenmede döwlet Baştutanymyza hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, ösüş we abadançylyk arzuw edilýär.